Ýulduz Jumabaýewanyň tälimçisine ýaşaýyş jaýy sowgat berildi

  • 11.03.2021 07:16
  • 54k+

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi sowgat berildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Şeýle hem Meretguly Sähetmyradow hem-de onuň şägirdi türkmen agyr atletikaçysy, 2018-nji ýylyň dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldular.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Ýulduz Jumabaýewa «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly awtoulagyny sowgat berdi.
Häzirki wagtda Ý.Jumabaýewa ýurdumyzyň milli ýygyndysy bilen bilelikde aprel aýynda Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýär. Bu ýaryşlaryň netijesinde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik etjek türgenler kesgitlener.

şu gün 15:58
520

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 14:40
858

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

şu gün 13:42
1.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....