Aýdym diňlemek we ýoga bilen meşgullanmak ömri uzaldýar

  • 16.02.2021 14:55
  • 8.4k+

Alymlar ýoga bilen meşgullanmagyň hem-de aýdym diňlemegiň ömrüň dowamlylygyna oňyn täsir edýändigini anykladylar. Bu barada rueconomics.ru habar berdi.

Hünärmenler Gonkongyň ýaşaýjylarynyň "Google"-da iň köp ýüzlenen soraglaryny seljerdiler. Çünki ol ýerde rekord derejedäki ömür dowamlylygy hasaba alyndy - ortaça 84,7 ýyl. Netijede, internetdäki ulanyjylar köplenç aýdym diňleýärler ýa-da ýoga derslerini gözleýärler.
Barlagçylar soňra bu endikleriň uzak ömür bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny anykladylar. Olar aýdym-saz diňlemegiň ýakymly täsiriniň ömrüň uzalmagyna kömek edip biljekdigine göz ýetirdiler. Munuň üçin her gün yzygiderli 20 minut aýdym diňlemek ýeterlikdir diýip, Express ýazýar.

Şeýle hem, bäş ýyldan bäri ýoga bilen meşgullanýan 40 ýaşdan uly adamlaryň gan basyşynyň pesdigi anyklandy. Lukmanlaryň pikiriçe, bu meditasiýa amaly ýürek-damar keselleriniň ösüşini haýalladyp biler.

25.05.2026 17:25
3.4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
7.7k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
3.8k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.5k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......