Bagtly bolmagy üçin ýewropaly adama näçeräk puluň gerekdigi anyklanyldy

  • 01.02.2021 01:26
  • 27k+

Ortatap bir ýewropalynyň özüni aňrybaş bagtly duýmagy üçin onuň iň gowy girdejisi ýylda 36 müň dollar bolmaly. Uorwik uniwersitetiniň (Angliýa) we Minnesota uniwersitetiniň (ABŞ) ykdysatçylarynyň geçiren barlaglaryna görä, has köp pul oňa agyr ýük bolup, kanagatlanmak derejesini peseldip başlaýar. Bu barada “PLoS ONE” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berdi.

Gözlegiň awtorlary Euhenio Protonyň we Aldo Rustiçininiň pikiriçe, belli bir çäkden geçse, pul lezzetden beter kynçylyk getirip bilýär.
Derňew üçin alymlar Bütindünýä gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça global gözleg taslamasynyň maglumatlaryndan peýdalandylar. 1981-nji ýylda başlanan bu taslama dünýä ilatynyň 90%-iniň ýaşaýan 100-e golaý ýurdunda wekilçilikli milli gözlegleri geçirýär. Bu gözlegleriň maksady adamzat gymmatlyklaryny, olaryň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgeýändigini we esasanam kanagatlanma derejesini öwrenmekden ybaratdyr.
Alymlar Ýewropanyň kartasyny 171 sebite böldüler we görkezijileri olaryň hersiniň ortaça girdejileri bilen deňeşdirip, adamlaryň öz ýagdaýyndan kanagatlanmagynyň ortaça derejesini kesgitlediler.
Ýewropanyň garyp ýurtlarynda adamlaryň öz ýagdaýyndan kanagatlanma derejesi girdejiniň artmagy bilen ýokarlanýar. Şeýle-de bolsa, baý ýurtlarda kanagatlanmanyň öz aňrybaş derejesine 36 müň dollar girdeji bilen ýetip, şondan soň kem-kemden peselip başlaýandygy anyklanyldy.
Gözlegiň awtorlarynyň düşündirişi ýaly, gereginden az girdeji gazananlar beýlekiler ýaly ýaşamak islegi bilen has köp gazanmaga çalyşýarlar, şol bir wagtyň özünde olar köp puluň has köp alada döredýändigini hem unutmaýarlar.
Gözlegiň netijesine görä, iň bagtly adamlar Angliýada ýaşaýarlar. Olaryň ortaça ýyllyk girdejisi - 37 müň dollar. Ýeri gelende bellesek, ABŞ-da ortaça ýyllyk girdeji 50 müň dollar töweregi bolup durýar.

 

17.03.2026 17:48
5.1k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
10k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.6k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...

12.03.2026 15:52
9.6k+

Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan

Suzuki kompaniýasynyň taryhy 1909-njy ýylda, özem maşynlaryň wazzyldysyndan däl-de, dokma gurallarynyň kakuwyndan başlandy. Miçio Sudzuki dokma stanoklaryny öndürýän kompaniýany esaslandyrdy. Kompaniýanyň öndürýän enjamlary öz döwründen has ozduryp geçen ygtybarlylygy we innowasiýalary bilen tapawutlanýardy...