Hünärmenler ýüregiň saglygyny berkitjek esasy üç iýmit goşundysyny maslahat berýärler

  • 18.01.2021 20:06
  • 20k+

Geçen 2020-nji ýyl dünýäniň ýaşaýjylaryna saglygyňa üns bermelidigini we ony dürli ýollar bilen berkitmelidigini öwretdi. Lukmanlar, esasan, ýürek saglygyna üns bermeli diýip hasaplaýarlar, sebäbi COVID-19 ýürek keseli bolan adamlar üçin agyr netijelere, kähalatlarda bolsa ölüme getirýär.

Şol sebäpli hünärmenler saglygy berkidýän we ýürek keselleriniň ýüze çykmak howpuny azaldýan üç tebigy iýmit goşundysyny maslahat berýärler diýip, “Express” neşiri ýazýar. Muny profile.ru ýetirýär. 
Ilkinji nobatda, bu meselede belli bir ösümliklerden alynýan, ganyň düzüminde şeker derejesini we 2-nji görnüşli süýji keseliniň döremek howpuny peseldýän, biologiki taýdan işjeň madda bolan berberin kömek edip biler. Geçirilen barlaglara görä, berberin bagyrda glýukozanyň öndürilişini azaldýar we insuline duýgurlygy ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da, saglygy berkitmäge bagyrda holesteriniň öndürilişini basyp ýatyrýan K monakoline baý düzümli gyzyl hamyrmaýa (drož) tüwüsi kömek edip biler. Munda damarlaryň dykylma howpy hem azalýar. Hytaý alymlary barlaglaryň netijesinde tüwiniň ýürek keselleri bilen bagly ölüm hadysasyny 45% azaldýandygyny subut etdiler.
Saglygy berkitmek üçin allisini saklaýan sarymsak hem peýdalydyr. Ysly ösümlik yzygiderli kabul edilende, holesteriniň derejesini 10-15% peseldýär. Sarymsak ekstrakty gan basyşy kadalaşdyryp, irki ölüm, böwrek keseli we insult  ähtimallygyny azaldyp bilýär.

12.06.2026 18:22
10k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.3k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.7k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....