Ýaponiýada koronawirusy 30 sekuntda öldürýän enjam döredildi

  • 10.01.2021 21:44
  • 31k+

Ýaponiýada COVID-19 wiruslarynyň 99,99 göterimini ýarym minutda ýok edip bilýän enjam döredildi. Bu barada rg.ru Mainichi neşirine salgylanyp habar berdi.

Çaklaňja enjamda çuňňur ultramelewşe impulslaryny ýaýradýan yşyklandyryjylar ýerleşdirilen. Çuňňur ultramelewşe gaty gysga tolkun uzynlygy bilen ýokary lokallaşdyrylan radiasiýa bolup, onuň dowamlylygy femtosekuntlarda ölçenilýär. Çuňňur ultramelewşe şöhlelerini almak we ulanmak häzirki zaman ylmynyň geljegi uly ugurlaryndan biri hasaplanýar.
Öndürijiniň berýän maglumatyna görä, enjamyň yşyklandyryjylary özünden tolkun uzynlygy 280 nanometr (nm) we optiki kuwwaty 70 milliwatt bolan çuňňur ultramelewşe şöhlelerini ýaýradýar. Wirus bölejikleriniň ýok edilmegi 260 nm-de has täsirli hasaplanýar, ýöne bu tolkun uzynlygy çuňňur ultramelewşe şöhlelerini yşyklandyryjylaryň ömrüni gysgaldýar. Enjamy döredijiler 265 nm tolkun uzynlygyndaky LED-iň ömrüniň, takmynan, 2 müň sagatdygyny, 280 nm tolkun uzynlygynda bolsa ony, takmynan, on esse artdyryp boljakdygyny mälim etdiler.
Ýaponiýanyň Tokuşima uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözlegler üstlerdäki wiruslaryň 99,99 göteriminiň 30 sekuntda 5 santimetr aralykda ýok edilendigini görkezdi.
Enjamy dörediji häzirki wagtda ony yzygiderli işe girizmek üçin çuňňur ultramelewşe yşyklandyryjylaryny öndürijileri gözleýär. Geljekde onuň howany arassalaýjylarda, kondisioner ulgamlarynda we beýleki möhüm ýerlerde hem ulanylmagyna garaşylýar.

düýn 23:21
5.3k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

düýn 21:10
4.4k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....

düýn 14:59
782

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

düýn 07:19
14k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....