Türgenler näme üçin medalyny dişläp surata düşýärler? Muny kim oýlap tapdy?

  • 04.01.2021 22:58
  • 16k+

Sport ýaryşlarynyň baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň ýeňijileriň we baýrak eýeleriniň medallaryny dişläp surata düşýändiklerine kän gezek şaýat bolandyrys. Elbetde, muny uçdantutma hemme edip baranok, şeýle-de bolsa ol indi däbe öwrüldi diýen ýaly.

Sportçylar ilkinji gezek 1991-nji ýylda medallaryny dişläp surata düşmek kararyna geldiler. Muny Beýik Britaniýanyň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça topary etdi diýip, m.sports.ru ýazýar. Türgenleriň özleriniň aýtmagyna görä, suratçylar olardan surat üçin üýtgeşijek we gülkünçje bir zat etmegi haýyş etdiler, sebäbi baýrakly surata düşmegiň däp bolan görnüşleri indi beýle bir gyzykly däldi.
Türgenleriň köpüsiniň boýun alşy ýaly, medaly dişläp surata düşmek ideýasy olaryň özlerinden däl-de, köplenç, suratçylardan çykýar. Suratçylar baýrak gowşurylandan soň ýeňijini çar tarapdan gurşap alýarlar we şowly suratyň hatyrasyna türgeni gymmat bahaly tegelek metal bölegini dişläp barlap görmäge "mejbur edýärler".

“Fotosuratçylar sportçynyň medaly dişi bilen barlap görýän suratlaryny juda halaýarlar. Olar muňa islendik wagt satyp boljak klassika hökmünde garaýarlar"-diýip, Olimpiýa oýunlarynyň taryhçylarynyň halkara jemgyýetiniň prezidenti Dewid Walleçinski belleýär.

Käbir taryhçylaryň pikiriçe, metaly dişläp görmek edähedi orta asyrlarda başlapdyr. Hamala, garakçylar altyn teňňeleriň hakykylygyny şeýdip barlapdyrlar. Aýdylmagyna görä, ýumşak metaldygy üçin altynda dişleriň yzy galmaly. Deňeşdirmek üçin: altynyň gatylygy - 2,5, kümüşiňki - 2,7, platinanyňky - 4,3.
Şeýle-de bolsa, munuň häzirki zaman altyn medallary bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Sebäbi olary bar güýjüň bilen dişleseňem, diş yzlary galmaz. Hakykat, 1912-nji ýyldan bäri ýeňijiler diňe 7-8% altynly medallary alýarlar. Medalyň galan bölegi kümüşden ybarat. Ýokarda aýdylyşy ýaly, kümüş altyndan has gaty.
Ýeri gelende bellesek, London Olimpiadasynda ýaryşyň taryhynda iň gymmat medallar gowşuryldy. Onda gowşurylan altyn medalyň bahasy, takmynan, 708 dollardy.

düýn 23:46
1.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.4k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 11:43
3.9k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......