Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda oýnamak isleýändigini aýtdy

  • 28.10.2025 18:56
  • 11k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Bu barada futbolçy NBC telekanalyna beren interwýusynda gürrüň berdi.

«Dünýä çempionatyna gatnaşmak — bu söz bilen aýdyp bolmaýan duýgy. Bu duýgyny ýene bir gezek ýaşamak isleýärin» diýip, geljek ýylyň iýunynda 39 ýaşajak hüjümçi aýtdy.

Messi gutarnykly karary fiziki ýagdaýyna garaşyp berjekdigini aýtdy.

«Geljek ýyl “Inter Maýami” bilen möwsüm öňüniň türgenleşigine başlanymda, her gün ýagdaýymy seljererin. 100% güýjümi berip bilsem, milli ýygyndy üçin peýdaly bolup bilsem — onda karar kabul ederin» diýip, ol aýtdy.

Futbolçy dünýä çempionatynda ýene bir gezek çykyş etmek isleginiň diýseň ulugyny aýtdy:

«Biz soňky çempionatda ýeňiş gazandyk. Şonuň üçin bu tituly meýdançada goramak mümkinçiligi — hakykatdanam ajaýyp. Milli ýygyndy üçin oýnamak hemişe arzuw, aýratyn hem resmi ýaryşlarda».

Messi dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde 8 gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy. Ol milli ýygyndy bilen 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy, iki gezek Amerikanyň Kubogyny, Finalissima-2022-ni, Olimpiadany (2008) we ýaşlar arasyndaky dünýä çempionatyny ýeňdi.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda geçiriler. Bu çempionata ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşar. Final duşuşygy Nýu-Ýorkdaky «MetLife» stadionynda bolar.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......