Lukmanlar miwe iýmek üçin iň amatly wagty aýtdylar

  • 04.01.2021 14:40
  • 17k+

Bilermenler her gün miwe iýmegiň zerurdygyny, sebäbi olarda bedeniň özüni gowy duýmagyna kömek edýän witaminleriň köpdügini belleýärler. Şonuň üçin gündelik iýmitiň düzümine miweleri goşmak hökmandyr. Ýöne miwäni nädogry wagtda iýmek bedene zyýan berip biler diýip, cursorinfo.co.il habar berýär.

Hünärmenler güni bir bulgur ýyly suw we miwe bilen başlamagy maslahat berýärler. Ýöne ertirligi şuňa düzmezden ozal, kaloriýa deňagramlylygynyň saklanylýandygyny anyklamaly.
Şeýle hem ganyň şeker derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyndan ägä bolmaly. Adam köplenç ertirlik bilen günortanlyk naharlarynyň arasynda ajygyp başlaýar. Birneme sitrus miwesi we bir käse gök çaý ep-esli wagtlap özüňi dok duýmaga kömek eder diýip, India TV News belleýär.
Klassiki deserti miwe bilen çalyşmak has gowy bolar. Gawunyň, ananasyň we mangonyň düzüminde şeker bar, ýöne şonda-da ol özüňi kadaly saklamaga kömek edýär.
Fiziki işjeňlikden öň we soň - miwe iýmek üçin amatly wagt hasaplanýar. Mysal üçin, banan - türgenleşikden öň, pyrtykal ýa-da alma bolsa türgenleşikden soň güýç-kuwwat berýär.
Şeýle-de bolsa, gijesine miwe iýmek maslahat berilmeýär. Sebäbi ol bedeniň energiýasyny köpeldýär. Bu bolsa adama uklamaga päsgel berýär we ukynyň tertibini bozýar.

düýn 18:39
3.2k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.1k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....