Dawid Alaba «Reala» geçmäge ýakyn geldi

  • 03.01.2021 20:44
  • 6.6k+

Mýunhenli "Bawariýanyň" futbolçysy Dawid Alaba Madridiň "Realynyň" düzümine goşulmaga ýakyn geldi diýip, Marca salgylanyp, prostoprosport.ru ýetirýär.

Çeşmäniň habaryna görä, 28 ýaşly awstriýaly futbolçy dört ýyllyk şertnama barada ylalaşdy. Şertnamanyň şertine görä, oýunça möwsümde 10 million ýewro tölener.
Ondan öň, "Bawariýa" oýunçyny saklap galmaga synanyşýandyklaryny mälim edipdi, ýöne şertnamany uzaltmak baradaky teklip goragçyny kanagatlandyrmady we ol şu gyş toparyny üýtgetmek kararyna geldi.
Başga bir çeşmeler, "Realyň" Alaba resmi teklip etmändigini, diňe onuň wekiliniň gyzyklanýan klublar bilen resmi däl aragatnaşyk saklaýandygyny ýazýarlar.
Alaba karýerasynyň başyndan bäri mýunhenlileriň düzüminde çykyş edip gelýär. Toparyň düzüminde ol 404 oýun oýnap, 25 kubok, şol sanda iki sany Çempionlar ligasyny gazandy. Dowam edýän möwsümde ol Bundesligada 12 gezek meýdança çykyp, 1 gol geçirdi.

şu gün 11:22
566

Duşenbe bassyr ikinji ýyl sambo boýunça Dünýä kubogynyň tapgyryny kabul eder

2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen ýaryşdan soň, sambo boýunça Dünýä kubogy ýene-de Duşenbe şäherinde bolar. Täjigistanyň paýtagty sambo boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin özüni esasy meýdançalaryň......

şu gün 08:01
1.5k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......

düýn 19:30
2.8k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
5.2k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....