Lukman gyzgyn çaýa bal goşmagy maslahat bermeýär

  • 26.12.2020 20:54
  • 20k+

Adamlaryň sowuklamanyň öňüni almak üçin köplenç gyzgyn çaýa bal goşup içýändigine gündelik durmuşda şaýat bolýarys. Bal garylan gyzgynjak çaý, elbetde, örän tagamly, ýöne garaşylyşy ýaly peýdaly däl.

Şunuň bilen baglylykda, cursorinfo.co.il web saýty doktor Albert Bekkeriň gyzgyn çaý bilen bal ulanmagy maslahat bermeýändigini ýazýar. Onuň aýtmagyna görä, gyzgyn çaýa goşulanda, bal ýokary temperaturada özüniň dermanlyk häsiýetlerini ýitirýär. Gaýnag suwuň täsiri bilen onuň pH derejesi, şeýle hem ýokumly maddalaryň we witaminleriň düzümi üýtgeýär.
Doktor Albert Bekker bal bilen gyzgyn çaýyň aýratynlykda bedene peýdaly täsir edýändigini we sowuklama garşy göreşde täsirlidigini aýtdy. Eger bal goşjak bolsaňyz, onda ilki çaýy sowatmaly. Şol bir wagtyň özünde, çaýa baly iki nahar çemçesinden köp goşmaly däl. Çaýy süýjetmek we ony gymmatly maddalar hem-de minerallar bilen doldurmak üçin şu doza hem ýeterlik bolar diýip, hünärmen belleýär.

Balda A, C, E, B witaminleri, şeýle hem fosfor, kaliý, ýod, magniý we demir bar. Bu sanawy ýene-de dowam edip bolar. Sebäbi bu elementleriň toplumy nektaryň ýygnalyşynyň dürlüligine we wagtyna baglylykda üýtgeýär.

düýn 17:30
2.8k+

Nyrhlar kanagatlanarly dälmi? 📈ALSAT-da gowy çözgüt bar

Söwdada bazar nyrhyny kesgitlemegiň gysgaça taryhy we näme üçin akylly satyn alyş toparlary diňe görkezilen bahalara seredip, sypaýylyk bilen gynanyp ýörýänligi hakda...

27.04.2026 10:50
12k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

22.04.2026 18:06
74k+

«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi....

13.04.2026 17:59
5.1k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....