Fransiýanyň prezidenti Makron koronawirus bilen keselledi

  • 18.12.2020 14:00
  • 11k+

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron koronawirus üçin položitel barlag tabşyrdy, muny Ýeliseý köşgi tassyklaýar diýip, rbc.ru habar berýär.

Makron ilkinji alamatlar ýüze çykarylandan soň barlagdan geçirildi. Prezident ýedi gün üzňelikde saklanar, ýöne işini uzak aralykdan dowam etdirer.
Noýabr aýynyň ahyrynda Makron koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleri tapgyrlaýyn aýyrmaga başlajakdygyny aýtdy. COVID-19 bilen bagly ýagdaý gowulaşsa, 15-nji dekabrdan “özüňi üzňelikde saklamak” režimini ýatyrmak hem-de kinoteatrlary, teatrlary we muzeýleri açmak meýilleşdirilipdi.
Ýöne ýurtdaky ýagdaý häkimiýetlere çäklendirmeleri aýyrmaga mümkinçilik bermedi. Fransiýada pandemiýanyň ikinji tolkunynyň ýokary derejesi noýabr aýynyň başyna düşdi, şonda ýurtda her gün 60 müň töweregi kesel ýagdaýy bellige alynýardy. Soňky birnäçe gün bäri bu sanlar 11-17 müň aralygynda üýtgäp durýar.
Fransiýada 2,41 million kesel ýagdaýy tassyklandy. Şol bir wagtyň özünde 180 müň adam sagaldy. Dünýä SARS-CoV-2 koronawirus ýaýrawynyň ikinji tolkuny bilen göreşmegini dowam etdirýär. Pandemiýa başlany bäri ýokanç kesel Ýer ýüzüniň 74,5 milliondan gowrak ýaşaýjysynda ýüze çykaryldy.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....