Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

  • 16.12.2020 13:07
  • 2.7k+

15-nji dekabrda Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmal Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlar görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hem-de bilelikdäki möhüm düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Gurbanguly Berdimuhamedowyň multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky oňyn başlangyçlarynyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna oňyn täsir edýändigini aýratyn nygtady. Bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy, şol sanda Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Diplomat döwlet Baştutanymyza Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde uly goldawyň berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyzy netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......