HPG ählumumy pandemiýanyň Türkmenistana täsirine baha berdi

  • 01.12.2020 07:31
  • 14k+

Türkmenistan ýeterlik ätiýaçlyklaryna we az mukdarda döwlet karzyna eýe, bu pandemiýa sebäpli ýüze çykýan çökgünligiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga kömek edip biljek uýgunlaşma syýasatyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär - diýip, Trend agentligi Halkara Pul Gaznasynyň Türkmenistandaky missiýasynyň başlygy Natalýa Tamirisanyň sözlerini getirýär.

"Türkmenistan pandemiýa sebäpli jemgyýetçilik ýygnanyşyklaryna, ýerli we halkara syýahatçylyga berk administratiw çäklendirmeleri girizdi" - diýip, Tamirisa aýtdy.

Ol energetika önümleriniň türkmen ykdysadyýetinde esasy orun eýeleýändigine garamazdan, syýahatçylyga we aragatnaşygy köp talap edýän beýleki pudaklara garaşlylygyň, şeýle hem pul geçirimleriniň pes bolmagynyň sebitdäki beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, pandemiýanyň ýaramaz täsirini azaldýandygyny aýtdy.

"Türkmenistanda COVID-19 ýokuşmasynyň hasaba alynmandygyna garamazdan, pandemiýanyň ykdysadyýete ýaramaz täsirleri henizem howp salýar" diýip, Tamirisa belleýär.
"Biz häkimiýetlere saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge aýratyn üns bermegi maslahat berýäris. Durmuş kömeginiň ýokarlanmagy şeýle-de ilatyň gowşak gatlagyny çökgünligiň ýaramaz ykdysady täsirinden goramak üçin hem zerurdyr" - diýip, Tamirisa nygtaýar.

şu gün 14:43
2.5k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

düýn 19:01
1.4k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
4.7k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......