“Türkmengaz” gaýtadan işlenen önümleriň önümçiligini ep-esli ýokarlandyrdy

  • 28.11.2020 23:39
  • 4.7k+

“Türkmengaz” döwlet konserni benziniň önümçiligini 2019-njy ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary bilen deňeşdirilende, 3 esse, şol sanda geçen ýyl Ahal welaýatynda açylan tebigy gazdan benzini gaýtadan işleýän dünýädäki ilkinji zawodyň mümkinçiligini durmuşa geçirmek arkaly ýokarlandyrdy.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, polietileniň we polipropileniň önümçiligi degişlilikde, 142,2% we 122,7% ýokarlandy. Türkmenistanda tutuş dünýäde isleg bildirilýän ýokary bahaly gaýtadan işlenen bu önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagy beýlekiler bilen bir hatarda, Gyýanlydaky (Balkan welaýaty) döwrebap polimer zawodynyň hasabyna amala aşyrylýar.
Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 10 aýynda “Türkmengaz” DK suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň önümçiligini 17,4%, şeýle-de Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzini öndürmek boýunça zawodda goşmaça önüm bolup durýan kükürdi 0,3% ýokarlandyrdy.

17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...