Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär

  • 26.11.2020 13:33
  • 7.6k+

Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) görä, ýylyň iň gowy oýunçysy diýen ada dalaşgärler belli boldy. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Baýraga Tiago Alkantara ("Bawariýa", "Liwerpul"), Kriştianu Ronaldu ("Ýuwentus), Kewin de Bruýn ("Mançester Siti"), Robert Lewandowski ("Bawariýa"), Sadio Mane ("Liwerpul"), Kilian Mbappe ("PSŽ"), Lionel Messi ("Barselona"), Neýmar ("PSŽ"), Serhio Ramos (Madridiň "Realy"), Mohammed Salah ("Liwerpul") we Wirjil wan Deýk ("Liwerpul") dalaş edýärler.
Möwsümiň iň gowy derwezebany adyna Alisson ("Liwerpul"), Tibua Kurtua (Madridiň "Realy"), Keýlor Nawas ("PSŽ"), Manuel Noýer ("Bawariýa"), Ýan Oblak ("Atletiko") we Mark-Andre Ter Ştegen ("Barselona") dalaşgär görkezildi. 
Ýylyň tälimçisi baýragyna Marselo Bielsa ("Lids"), Hans-Diter Flik ("Bawariýa"), Ýurgen Klopp ("Liwerpul"), Hulen Lopetegi ("Sewilýa") we Zinedin Zidan (Madridiň "Realy") dalaşgär görkezildi.
Aýallar hem şuňa meňzeş nominasiýalarda baýrak alarlar. Aýallaryň arasynda ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna Lýusi Bronz ("Lion", "Mançester Siti"), Delfin Kaskarino, Saki Kumagai, Jennifer Marožan, Wendi Renar (hemmesi - "Liondan"), Pernil Harder ("Wolfsburg", "Çelsi"), Szi So Ýun, Sem Kerr (ikisi hem - "Çelsiden"), Jennifer Ermoso ("Barselona") we Wiwian Miedema ("Arsenal") dalaş edýärler.
Aýallaryň arasynda ýylyň iň gowy derwezebany diýen ada Ann-Katrin Berger ("Çelsi"), Sara Buaddi ("Lion"), Kristian Endler ("PSŽ"), Hedwig Lindal ("Wolfsburg", "Atletiko"), Alissa Naer ("Çikago") we Elli Robak ("Mançester Siti"), ýylyň iň gowy tälimçisi adyna bolsa Luis Kortez ("Barselona"), Rita Guarino (J"Ýuwentus"), Emma Haýes ("Çelsi"), Stefan Lerç ("Wolfsburg"), Egge Riise ("Linner"), Žan-Lýuk Wassýor ("Lion") we Sarina Wigman (Gollandiýanyň milli ýygyndysy) dalaşgär görkezildi.
Baýrak gowşurylyş dabarasy 17-nji dekabrda onlaýn ýagdaýda geçiriler. Ses berlişik 25-nji noýabrdan 9-njy dekabr aralygynda dowam eder.

şu gün 07:51
1.2k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

düýn 16:49
5.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.2k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.6k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......