Türkmenistan global howpsuzlygyň bitewiliginiň we bölünmezliginiň ýörelgelerine eýermäge çagyrdy

  • 18.11.2020 13:05
  • 5.7k+

«Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow köpugurly hyzmatdaşlygyň sebit hem-de global gün tertibiniň has derwaýys meseleleri babatynda ileri tutulýan milli ýörelgeleri beýan etdi. 

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar bermegine görä, R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal beýan edilen, howpsuzlyga, onuň bölünmezligi bilen häsiýetlendirilýän bitewi, tutuş aýratynlyk hökmünde seredilmegi baradaky nukdaýnazary ýene-de bir gezek tassyklady. 

Şunlukda türkmen tarapy şu günki günde dünýä jemgyýetçiliginiň ygtyýarlygynda bar bolan syýasy-diplomatik serişdeleriň hem-de usullaryň giň toplumynyň ulanylmagyny dünýäde durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynyň esasy usullarynyň biri hökmünde aýratyn belläp geçdi.

Şu nukdaýnazardan, dawalaryň kadalaşdyrylmagy bilen birlikde dürli halkara meseleleriniň çözgüdi üçin täsirli gural hökmünde oňyn bitaraplygyň ýörelgeleriniň iş ýüzünde giňişleýin ulanylmagy baradaky Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýeti hem nygtaldy.

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......