Neýmar ýene-de “Barselonadan” 43,6 mln ýewro talap edýär

  • 15.11.2020 21:49
  • 11k+

“PSŽ-niň” braziliýaly hüjümçisi Neýmar häzir hem “Barselonadan” uly mukdarda bonus almaga umyt bildirýär diýip, vprognoze.ru habar berýär.

Ýatlap geçsek, öň braziliýaly futbolçy katalon klubyny 2016-njy ýylda şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygy üçin 43,6 mln ýewro möçberinde bonus tölemezlikde aýyplady. Şunuň bilen baglylykda, ol “Barselona” garşy kazyýet işini açdy. Ýöne kazyýet bu meselä garap, diňe bir oýunçynyň arzasyny ret etmän, eýsem, Neýmary kluba 6,7 mln ýewro tölemäge borçly etdi.
Braziliýaly futbolçynyň aklawjylarynyň kazyýetiň kararyna şikaýat edendigi we “Barselonadan” töleg almakçydygy bellenilýär.
Neýmar 2017-nji ýylda “Barselonadan” “PSŽ-e” geçdi. Bu transfer üçin fransuz kluby 222 mln ýewro töledi. Ýöne bu geçiş birnäçe dawalara sebäp boldy. Bir ýyldan soň Neýmar ýene “Barselona” dolanmak isledi, emma taraplar ylalaşyp bilmediler.
Fransiýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde Neýmar 4 oýna gatnaşyp, 2 gezek gol geçirdi we 3 gezek netijeli geçirim etdi. Häzirki wagtda ol Çempionlar ligasynda alan şikesinden soň bejergi alýar.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Neýmar Dünýä çempionatynyň käbir oýunlaryny goýbermeli bolar

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......