Dünýäde COVID-19 bilen kesellänleriň sany 50 milliondan geçdi

  • 09.11.2020 08:45
  • 12k+

Dünýäde koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň sany 50 milliondan geçdi, muny Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary delillendirýär diýip, lenta.ru habar berýär.

Ýatlap geçsek, Uniwersitet dünýä ýurtlarynyň hökümetlerinden resmi maglumatlary, şeýle-de KHBS-den we beýleki çeşmelerden maglumatlary ýygnaýar. Maglumatlarda bu mukdaryň dörtden bir böleginiň soňky 30 güne düşýändigi, şonda dünýäniň köp sebitinde kesel sanynyň täze ösüşiniň hasaba alnandygy bellenilýär.
Tutuş dünýä boýunça 50 052 204 keselli hasaba alyndy. Tassyklanan kesel bilen 1 253 110 adam ýogaldy, 32,8 milliondan gowrak adam sagaldy.
10 million töweregi kesel ýagdaýy bolan ABŞ COVID-19 keseliniň tassyklanan sany boýunça birinji bolmagynda galýar. Birleşen Ştatlarda bu keselden azyndan 230 000 adam ýogaldy. Ýewropa ýurtlary bilelikde Latyn Amerikasyndan soň ikinji orunda durýar. Koronowirus bilen keselleme ýagdaýynyň umumy sanyndan 12 milliony, şeýle-de bu keselden ýogalanlaryň 24%-i Ýewropanyň paýyna düşýär. Diňe Fransiýada soňky bir hepdäniň dowamynda ortaça 54,5 müň töweregi täze kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy. Şeýle ösüş Beýik Britaniýada, Germaniýada hem bolup, ýurtlary pandemiýanyň öňüni almak üçin täze çäklendiriji çäreleri kabul etmäge mejbur edýär.

düýn 20:28
3.2k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
6k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
6.5k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......

29.05.2026 23:56
6.3k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....