Dana Uaýt Nurmagomedowyň çempionlyk guşagynyň ykbaly barada aýtdy

  • 02.11.2020 19:00
  • 27k+

Karýerasyny tamamlan russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedow ýeňil agramda UFC-niň çempiony bolmagynda galýar diýip, UFC-iň başlygy Dana Uaýt aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Nurmagomedow 24-nji oktýabrda Abu-Dabide amerikaly Jastin Getjini ikinji raundda demikdiriji emel bilen ýeňip, ýeňil agramdaky çempionlygyny gorapdy we karýerasyny tamamlaýandygyny mälim edipdi. Şondan biraz wagt soň Uaýt rus söweşijisi karýerasyny dowam eder diýip pikir edýändigini aýtdy.

"Biz oňa wagt bereris. Ol çempion bolmagynda galýar. Häzirlikçe boş titul hem, wagtlaýyn titul hem ýok" - diýip, ESPN Uaýtyň sözlerini getirýär.

UFC-iň başlygynyň aýtmagyna görä, Nurmagomedow karýerasyny dowam etmek meselesini ejesi bilen maslahatlaşar.

düýn 17:46
8.5k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

düýn 13:03
12k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
9.7k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.4k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......