Ýewropa alymlary koronawirusyň täze görnüşi barada habar berdiler

  • 31.10.2020 10:04
  • 21k+

Ilkinji gezek iýunda Ispaniýada bellige alnan koronawirusyň täze görnüşi ýewropa ýurtlaryna ýaýrady. Häzir olaryň käbirinde wirusyň bu görnüşi bilen keselleme sany beýlekilerden agdyklyk edýär diýip, Şweýsariýanyň we Ispaniýanyň alymlar topary habar berdiler. Olaryň işi medRxiv portalynda ýerleşdirildi. Bu barada rbc.ru belläp geçýär.

Alymlaryň tejribesi heniz hünärmenler tarapyndan gözden geçirilenok, şonuň üçin häzirki wagtda koronawirusyň täze görnüşiniň örän howpludygyna hiç hili subutnama ýok.
Olaryň maglumatlaryna görä, 20A.EU1 atly wirusyň täze görnüşi bilen ilkinji keselleme ýagdaýy Aragon we Kataloniýa awtonom jemgyýetlerinde ýüze çykaryldy. Soňra ol Walensiýa we ýurduň beýleki ýerlerine ýaýrady. Iýul aýynda 20A.EU1 bilen kesellänleriň paýy Ispaniýada 40%-den geçdi.
Şundan soň wirusyň täze görnüşi Şweýsariýada, Irlandiýada we Beýik Britaniýada ýüze çykaryldy, sentýabrda kesellänleriň paýy 40%-den 70%-e ýetdi. Mundan başga-da, 20A.EU1 keseli Norwegiýada, Latwiýada, Niderlandiýada we Fransiýada agdyklyk edýär.
Häzir alymlar topary 20A.EU1-iň wirusyň adam öýjüklerine girmek üçin ulanýan spaýk belogynda belli bir mutasiýanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin iş alyp barýarlar. Alymlaryň aýtmagyna görä, 20A.EU1 öň duş gelnen SARS-CoV-2-niň hiç bir görnüşine-de meňzemeýär.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....