Hepdäniň adam psihikasyna iň agyr güni

  • 27.10.2020 14:43
  • 24k+

Hepdäniň ähli günleriniň içinde anna güni adamlaryň akyl saglygy üçin iň howply gündür. Moskwa döwlet uniwersitetiniň psihologiýa fakultetiniň Zähmet psihologiýasy barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Irina Blinnikowa şeýle pikir edýär diýip, Info24 habar berýär.

Hünärmeniň pikiriçe, iş hepdesiniň ahyrynda dynç alyşyň ýakyndygyna göz ýetirýän işçi “bar güýjüni tijäp”, işini dynmagyň aladasyna berilýär. Muňa “Soňky güýjeme” diýilýär, şol wagt has köp güýç sarp edilýär. Şonuň üçin-de penşenbe we anna günleriniň ahyry işleýän adamlar üçin iň agyr döwürdir.

Şol wagt “Hepdäniň dowamynda üýşüp giden ýadawlyk özüniň bardygyny duýdurýar" – diýip, Blinnikowa nygtaýar.

Onuň sözlerine görä, iş gününiň ahyrynda gutarylman galan iş adamyň psihikasy üçin aýratyn howp bolup durýar. Baslygyp ýatan işler görünmeýän ýük bolup ezýär, dynç alyş wagtynda ýakymsyz ünjüleri döredip,özüňi dürsemäge maý bermeýär.
Psiholog bu ýerde hiç hili geň zat ýok diýip hasaplaýar, sebäbi anna güni — iş hepdesiniň soňky güni, hepdäniň dowamynda ýygnanan ýadawlyk hökman öz täsirini ýetirer. Şonuň üçin işleri dürli günlere deň paýlamak we wagty has anyk meýilleşdirmek arkaly iş ýüküni ýeňilleşdirmek maslahat berilýär.
Ylmy işgäriň bu pikirleri bilen ylalaşman bilersiňiz, çünki dünýäniň ähli ýerinde anna güni – hepdäniň jemleýji iş güni däldir. Aziýa-Afrika ýurtlarynyň birnäçesinde hepdäniň iş günleri başgaça tertipde ýöredilýär.

düýn 18:22
7.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....