"Terminatoryň" ýüregi operasiýa edildi

  • 25.10.2020 23:01
  • 22k+

Kino sungatynda "Terminator" filmleri bilen has meşhur bolan 73 ýaşly Şwarsenegger ýürekden operasiýa geçirdi.

Aktýor Arnold Şwarsenegger ýürek operasiýasyndan soň, hassahanadan çykaryldy. Bu barada ol özüniň Twitterinde habar berdi diýip, Lenta.ru belläp geçýär.
Aktýor şeýle operasiýalary öňem telim gezek geçirdi. Şwarseneggerde dogabitdi ýürek kemçiligi bar, bu zerarly tutuş ömrüniň dowamynda oňa emeli klapanlar zerur bolup durýar.
Şeýle operasiýalary meşhur aktýor we syýasatçy 1997-nji we 2018-nji ýyllarda hem başdan geçiripdi.
Şwarsenegger özüni örän gowy duýýandygyny we hatda hassahananyň ýerleşýän ýerinde - Kliwlendde gezelenç edendigini aýtdy. Ol hassahananyň lukmanlaryna we şepagat uýalaryna minnetdardygyny mälim etdi.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....