ULAG DIÝENIŇIZI ETMÄN BAŞLASA...

  • 13.10.2020 10:10
  • 21k+

Göni gidip barýarka ýa-da bir tarapa öwrülende, köplenç halatda, awtoulagyň traektoriýasyny ýitirmegi sürüjilere tanyş ýagdaý bolsa gerek. Şeýle pursatlarda awtoulagyň ýoldan çykmagy, siltenmegi we endigan hereket etmezligi mümkin, esasanam, hereket wagtynda bu zatlary öňünden kesgitlemek hemişe başartmaýar. Şol wagt ruly ugruna goýberseňiz ýa-da oňa gowuşgynsyz çemeleşseňiz, awtoulag dessine bir gapdala hereket edip başlar. Awtoulaglara mahsus bolan bu «keseliň» birnäçe sebäpleri bolup bilýär. Eger-de siz şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, onda haýal etmän awtoulag hyzmatynyň hünärmenlerine ýüz tutuň. Aglaba halatda ulagyň bu ahwalyny podýomnikler ýa-da wibrostendler arkaly takyk kesgitleýärler. Eýsem, bu näsazlygyň sebäpleri nämelerde bolup biler?

TEKERLER
Bu köplenç halatda tekerleriň näsazlygy bilen ýüze çykyp bilýär. Olaryň könelmegi we ýyrtylmagy, balansyň näsazlygy, tigirleriň basyşynyň deňagramly bolmazlygy esasy sebäpleriň biridir. Eger-de protektoryň howply çuňlugy 0,8 mm bolup, tigriň nagşy ähli ýerinde birmeňzeş sudurda saklanan bolsa, ýüzünde hiç hili tegmil, dilik ýa-da çyzyk bolmasa, onda rahatlanyp bilersiňiz. Eger-de, bu kadaly ölçeg-talaplar üýtgän bolsa, onda olary bejermegiň ugruna çykanyňyz gowy. Şinany bejermegiň bahasy işiň görnüşine, modeline, tigriniň ölçegine we diskiň görnüşine görä üýtgäp bilýär. Hemişe hünärmenleriň hyzmatyna bil baglaň! Munuň ýaly düýpli näsazlyklary özbaşdak düzeltmäge synanyşmaň!

AMORTIZATORLAR
Awtoulagyň biygtyýar ýoldan çykmagynyň ýene bir sebäbi amortizatorlarda bolup biler. Esasanam, tekiz bolmadyk ýollarda sürülende urgulary we titremeleri basmaly amortizator näsaz bolsa, bu mese-mälim bildirýär. Amortizatorlara zeper ýeten bolsa, awtomobil durnuksyz hereket edýär (onsoň her neneň gymmatbaha ýa-da iň soňky nesil awtomobil bolubersin, siz onuň rahatlygyny göwnejaý duýup bilmersiňiz), tizlik artdygy saýy, awtoulag sürüjiniň diýenini etmän, bir ýana süýşüp başlaýar we traektoriýany ýitirýär. Ulanyş möhletiniň dolmagy, urgujyň (otboýnik) döwülmegi zerarly amortizatoryň içligine (wkladyş) aşa köp agram düşmegi, ulag ýokary tizlikde barýarka tekeriniň çukura düşmegi, daýanç podşipniginiň nädogry wagtda we nädürs çalşylmagy amortizatory hatardan çykaryp biler.

SAÝLENTBLOKLAR
Awtoulagdaky saýlentbloklaryň sany her modeliň asma enjamyna görä tapawut edip bilýär. Adatça, ryçaglar, stabilizatorlaryň (sazlaýjynyň) diregleri, podramnikler we pürsler bu detal bilen enjamlaşdyrylýar. Edil beýleki detallar ýaly, saýlentbloklaryň hem iňňän uly ähmiýeti bar. Eger-de ýekeje saýlentblok zaýalanan ýagdaýynda, ol awtoulagyň yrgyldysynyň artmagyna, şeýle hem bir tarapa öwrülende ýa-da tizligi üýtgedende onuň typmagyna getirip biler. Saýlentbloklar köplenç rezin gurşawynyň dargamagy sebäpli hatardan çykýar. Ryçagyň saýlentblogyna ýa-da stabilizatoryň diregine zeper ýeten ýagdaýynda, olar tutuşlygyna çalşylýar. Emma pürslerde we podramniklerde diňe saýlentbloklaryň özüni çalyşmak ýeterlik.

ŞAR ŞEKILLI DIREGLER WE DEST UÇLARY
Şar şekilli diregler we dest uçlary hem ulagyň hereketiniň durnuklylygyna täsir edýär. Şonuň üçin olardaky sähelçe näsazlyk öwrümlerde awtoulaglaryň garaşylmadyk hereketlerine getirip bilýär. Olar köplenç pylnigiň dargamagy, onuň ýagsyz galmagy hem-de şarniriň hapalanmagy sebäpli hatardan çykýar.

TEKER PODŞIPNIGI
Öwrüm edilende, awtolugayň ýolundan tötänleýin gyşarmasy teker podşipniginiň näsazlygy sebäpli hem bolup biler. Ol, adatça, ýyrtylan pylnigiň üsti bilen yzgaryň hem-de hapanyň aralaşmagy zerarly zaýalanýar. Şeýle ýagdaýda ony çalyşmaly bolýar. Käbir awtoulag modelleri üçin bolsa teker podşipnigi aýratyn satylmaýar. Diýmek, şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, onda dessine täze teker edinmegiň ugruna çykmaly bolýar.

RAZWAL-KONWERGENSIÝA
Razwal-konwergensiýa tekeriň ýerleşiş burçlaryny sazlamak bolup, awtoulagyň dolandyryjylygy we hereketiniň durnuklylygy hem şoňa baglydyr. Ýokarda ýaňzydylanlar gurat bolmadyk halatynda, awtoulag diýeniňizi etmän, sizi göni traektoriýa boýunça «alyp gaçar» ýa-da ugruny üýtgeder. Şonuň üçin öňki we yzky teker oklarynyň razwal-konwergensiýasyny wagtly-wagtynda barlap, gözden geçirip durmaly.

düýn 17:40
3.5k+

Michelin Hytaýda 36 sekuntda bir teker öndürýän zawody açdy

Michelin topary Şanhaýda dünýäde ilkinji «future factory» («geljegiň zawody») formatly zawody açdy. Döwrebap önümçilik hatarlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana her 36 sekuntda bir teker öndürmäge ukyplydyr. Bu taslama gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 mlrd ýuana (takmynan, 425 mln dollar) barabar boldy...

düýn 15:46
1.8k+

Mercedes-AMG täze ekstremal Mythos kupesiniň ilkinji suratlaryny görkezdi

Mercedes-Benz kompaniýasy AMG bölüminiň iň täze modeli hasaplanýan täze sport kupesiniň ilkinji resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu ulagyň eksklýuziw Mythos seriýasynyň ikinji modeli boljakdygy tassyklanyldy. Onuň resmi tanyşdyrylyş senesi heniz yglan edilmedi...

28.01.2026 16:39
2.8k+

Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär...

28.01.2026 13:50
1.5k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi...