Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipä belledi

  • 10.10.2020 13:15
  • 21k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlaryna laýyklykda,

Merjen Gündogdyýewna Geldiýewa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi hem-de ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Ogulaltyn Amandurdyýewna Çerkezowa Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi;
Orazdurdy Meýlisowiç Suhanowy, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 3-nji karary tassyklanyldy;
Guwançmyrat Ýazymowiç Akmämmedowy «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 4-nji karary tassyklanyldy.

düýn 13:27
11k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
8.2k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
10k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....