Obama, Ronaldu, Jeki Çan... — Ýer ýüzüniň iň hormatlanýan adamlarynyň sanawy

  • 28.09.2020 20:23
  • 19k+

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu YouGov gözleg merkeziniň wersiýasy boýunça, planetanyň iň abraýly türgeni diýlip ykrar edildi. Bu barada metaratings.ru habar berýär.

Dünýäniň dürli künjeginden jemgyýetçilik adamlarynyň umumy reýtinginde portugaliýaly türgen altynjy orny eýeledi. Ronaldudan ýokarda gonkongly aktýor, söweş sungatynyň ussady Jeki Çan, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, HHR-iň prezidenti Si Szinpin ýerleşdi. Reýtingde birinji orny ABŞ-nyň 44-nji prezidenti Barak Obama, ikinji orny Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts eýeledi.
Onluga AliExpress-iň eýesi Jek Ma, tibet buddizmine uýýanlaryň ruhy lideri Dalaý-lama, oýlap tapyjy Ilon Mask we aktýor Kianu Riwz hem girdi. “Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi reýtingde türgenleriň arasynda ikinji boldy we umumy sanawda 11-nji orny eýeledi, ol Russiýanyň prezidenti Wladimir Putinden bir setir ýokarda ýerleşdi.

şu gün 19:32
1.3k+

Netflix Teýmirleňiň ömri baradaky filmiň tizerini çykardy

Dünýäniň iň uly striming platformasy bolan Netflix Emir Teýmiriň durmuşyna bagyşlanan täze filminiň tizerini tanyşdyrdy. Kino «Teýmirleň: Iň soňky basybalyjynyň beýgelişi» («Тамерлан: Восхождение последнего завоевателя») diýlip atlandyryldy...

şu gün 18:39
1.6k+

Hindistandaky uniwersitet kampusy gadymy guýularyň äheňinde gurulýar

Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. 30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter...

şu gün 17:17
653

Dünýäniň sungat bazary iki ýyllyk pese gaçyşdan soň ýene-de ösüş görkezdi

Art Basel we UBS tarapyndan hödürlenen täze hasabata görä, 2025-nji ýylda dünýäde sungat predmetleriniň satuw möçberi 4% ýokarlanyp, 59,6 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa satuwlaryň iki ýyllap pese gaçmagyndan soň, bazaryň aram ýagdaýda dikelendiginiň alamatydyr...

şu gün 17:00
2.7k+

Türkmen raýatlary üçin “ASAN Visa” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Azerbaýjan Respublikasyna syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wiza almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen «ASAN Visa» portalynyň türkmen dilindäki wersiýasy işe girizildi. Bu başlangyç...