Awtoulagyň hereketlendirijisini nädip sanlyja minudyň içinde barlamaly

  • 04.10.2020 23:57
  • 20k+

Adamlar ir-u-giç täze awtoulag edinmegiň ugruna çykýarlar we şonda täze awtoulag aljagynam, ulanylan awtoulag aljagynam bilmän kösenýärler. Täze awtoulag satyn almagyň hem öz aýratynlyklary bar, mysal üçin, köplenç reňklenen köne şaýlary bolan täze awtoulaglara hem duş gelinýär.

Ulanylan awtoulag satyn almagyň hem käbir taraplary bar. Awtoulagyň resminamalaryny, kuzowyny, hereketlendirijisini we ş.m. hökman barlamaly. Häzir biz awtoulagyň motory barlananda nämelere üns bermelidigini barada gürrüň bereris. Awtoulagy ýörite enjamlar bolmazdan hem barlap bilersiňiz.

  • Ilki bilen, motoryň sesini üns bilen diňlemeli.

Motor saz işlemeli, hiç hili tykyrdy-şakyrdy bolmaly däl. Köplenç, awtoulagdan del sesler çykanda, satyjylar muny enjamlaryň (generator, kondisioner we ş.m.) çekiji roliginiň podşipnikleriniň näsazlygy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle bolanda aksesuar kemerini sökmeli we motory işletmeli.

  • Ikinji üns bermeli zat - karter gazlary.

Karter gazlarynyň köp mukdarda bolmagy gysyş halkalarynyň könelendigini görkezýär.
Muny barlamak gaty aňsat: munuň üçin ýag gutusynyň gapagyny açyp, hereketlendirijini işletmeli (gapak ýag gutusynyň agzynda durmaly). Hereketlendiriji işlände, gapak böküp biler, ýöne agdarylmaly däl.
Eger-de gapak agdarylsa, bu karter gazlarynyň köp mukdardadygyny we hereketlendirijini abatlamagyň zerurdygyny görkezýär. Eger-de ýag gutynyň agzyndan uly bolmadyk ak tüsse çyksa - bu adaty zat, eger köp mukdarda tüsse çyksa - bu hereketlendirijiniň silindr-porşen toparynyň könelendigini görkezýär.

  • Üçünji üns berilmeli zat - awtoulagyň gluşiteli.

Öçük maşynyň gluşiteliniň içki diwarlaryna barmagyňy sürtüp görmeli (seresap bolmaly, gluşitel gyzgyn hem bolup biler). Şonda hereketlendirijiniň ýangyç önümlerini çykarýandygy üçin barmaga birneme hapa ýokmaly, şeýle hem az mukdarda yzgar bolup biler.
Ýöne "ýumşajyk" galyň gatlak ýa-da ýag ýokundysy welin bolmaly däldir. Bu hereketlendirijiniň aşa könelendigini görkezýär.
Hereketlendiriji işleýän wagty gluşitelden tüsse çykmagy hem motoryň könelendigini görkezýär. Aslynda, motor gyzdyrylanda diňe az mukdarda ak tüsse çykmaly (şeýdip, gluşitelden kondensat bugaryp çykýar).

• Iň soňunda, şupy çykaryp alyp, hereketlendirijidäki ýagyň ýagdaýyna göz çak bilen baha bermeli.
Ýagyň reňki açyk ýa-da çalarak goýy bolmaly (benzin hereketlendirijisinde). Ol şupdan aşak syryganda damja emele getirmeli. Ýagda nähilidir bir tegmil göze ilýän bolsa, has jikme-jik gözden geçirmek üçin hünärmene ýüz tutmaly.
Hereketlendirijini barlamak, jemläp alanyňda-da, bary-ýogy birnäçe minut wagt talap edýär, ýöne şu hem hereketlendirijiniň ýagdaýyna düşünmek üçin ýeterlikdir.

Mundan ozal tmcars.info awtoulagyň tormoz kolodkalary çalşylanda, ýatda saklamaly 5 zat hakynda ýazypdy.

düýn 19:44
2.3k+

Nýu-Ýorkdaky awtoulag sergisinde BMW iX3 World Car Awards tarapyndan “Ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi

BMW iX3 elektrik krossoweri World Car Awards baýragy tarapyndan “2026-njy ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi. Sylaglamak dabarasy Nýu-Ýorkda geçirilen awtoulag sergisiniň çäginde geçirildi....

01.04.2026 16:47
2.9k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

01.04.2026 14:15
2.8k+

Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar

Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär....

31.03.2026 22:22
4.7k+

Hyundai geljekki täze önüminiň geň tizerini görkezdi: onda daş howada gaýyp dur

Hyundai kompaniýasy «uly bir zadyň gelýändigini» habar berýän tizer suratlaryny çap etdi, bu bolsa ähtimal täze modeliň ýakyn wagtda boljak tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Suratlaryň özünde awtoulag ýok — diňe......