Awtoulagyň tormoz kolodkalary çalşylanda, şu 5 zady ýatda saklamaly

  • 27.09.2020 19:11
  • 30k+

Tmcars.info awtoulag sürüjilerine peýdaly maslahatlaryny ýetirip durmagyny dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, awtoulag eýeleriniň köpüsi awtoulagyň tormoz kolodkasyny çalşanda, hökmany çäreleriň käbirini ýerine ýetirmeýärler. Biz hem bejeriş we iş gollanmalarynda beýan edilen, adamlaryň kolodkany özbaşdak çalşanlarynda köplenç ýatdan çykarýan 5 zadyny dykgatyňyza ýetirýäris.

  1. Kolodkalary aýyrmazdan ozal, bakdaky tormoz suwuklygynyň derejesini barlamaly. Eger-de ol iň ýokarky bellige ýakyn bolsa, şprisiň kömegi bilen birneme azaltmaly.
    Köne kolodkalar sökülende, tormoz silindriniň porşinini içden gysmaly bolar, bu bolsa bakdaky suwuklygyň ýokarlanmagyna getirer. Şoňa görä-de, iň ýokary derejä ýakyn bolsa, suwuklyk bakyň daşyna akyp biler. Bu bolsa ýol berilmesiz ýagdaýdyr.
  2. Adamlar köplenç silindr porşinini içden gysmagy ýatdan çykarýarlar. Şonsuz, köplenç, supportlary aýryp bolmaýar, eger aýrylaýsa-da, soň ony täze kolodka oturtmak kyn bolýar.
    Täze kolodka goýlanda, tormoz diskinde hiç hili kynçylyksyz oturar ýaly, supporty ahyryna çenli çümdürmeli.
  3. Supportlaryň we basyş plastinalarynyň posuny-zadyny arassalamaly. Eger muňa perwaýsyz garalsa, täze kolodkalar gurlanda, olar tormoz ulgamynyň böleklerinde dörän çökündiler zerarly takyk ýerleşip bilmezler, bu bolsa tormoz berlen wagtynda jygyldyly sesleriň çykmagyna, kolodkalaryň endigan däl könelmegine we elementleriň wagtyndan öň hatardan çykmagyna getirýär.
    Eliňize demir çotgany alyp, ony demir bölekleriniň ýüzünde gowy gezdirip, uzak wagtyň dowamynda emele gelen "tegmili" arassalamaga ýaltanmaň.
  4. Gönükdirijileriň, olaryň tozgalyklarynyň (pylnikleriniň) içinde ýagyň bardygyny barlaň. Gynansak-da, muny tejribeli awtoulag sürüjileri hem köplenç ýatdan çykarýarlar. Tormoz berlende supportyň endigan we deňölçegli işlemegi şu kiçijik zatlaryň takyk işleýşine bagly ahyryn.
    Şeýle hem pylnigi aýryp, onuň abatlygyny barlamaly. Zerur bolsa, ony täzesi bilen çalyşmaly. Sebäbi kän bir ähmiýetsiz ýaly görünse-de, ol tutuş ulgamyň işlemeginde ägirt uly rol oýnaýar.
  5. Kolodkalar çalşylandan soň, ulag hereket edip başlamazdan ozal, tormoz silindrleriniň porşinleriniň iş ýagdaýynda kolodkalara mümkin boldugyça ýakyn bolmagy üçin tormoz pedalyny birnäçe gezek basmaly.
    Şeýdilmese, awtoulag sürülende, tormozlarynyň işlemän galmagy-da mümkin, sebäbi porşinler bir gezekde kolodka ýetip bilmeýärler.

TmCars.info okyjylarymyzyň isleglerini mundan beýläk hem kanagatlandyryp, peýdaly bolup biljek maslahatlaryny geljekde hem ýetirip durar.

düýn 09:56
1.9k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....