Türkmenistanyň we Türkiýäniň Mejlisleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

  • 16.09.2020 14:57
  • 14k+

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Mejlisleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň çäklerinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada netijeli pikir alyşmalar boldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge iki doganlyk ýurduň özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine oňyn täsir edýän parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmagyň zerurdygyny bellediler.
Ikitaraplaýyn pikire görä, ýokary we hökümetara derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler doganlyk türkmen hem-de türk halklarynyň gadymdan gelýän taryhy-medeni umumylyklarynyň binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.
Onlaýn duşuşygyň ahyrynda bar bolan mümkinçilikleriň we ikitaraplaýyn ösüşe umumy gyzyklanmalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesiniň özara bähbitlere kybap gelýän täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin şertleriň sazlaşykly ösüşi üpjün edýändigi bellenildi.

şu gün 00:07
1.2k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerine seretdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar—mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi diýip,......

düýn 16:12
1.6k+

Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi....

düýn 14:35
939

Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli......

02.04.2026 10:36
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Mejlisiň......