Ýörite uçuş arkaly Moskwadan Türkmenabada türkmen raýatlary getirildi

  • 09.09.2020 13:06
  • 26k+

"Türkmenhowaýollarynyň" Boeing uçary 9-njy sentýabrda - çarşenbe güni irden Moskwadan Türkmenabat halkara howa menziline 272 sany türkmen raýatyny getirdi.

Uçarda gelenler, esasan, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýa-da gaýybana bölümlerinde ýokary bilim almagy dowam etdirýän talyplar. Ýöne olardan başga-da, COVID-19 sebäpli syýahat çäklendirmeleri girizilmezden ozal dürli sebäplere görä beýleki ýurtlara gidenler şol ýurtlardan çykyp bilmän galypdylar. Häzir olaryň Türkmenistana getirilmegi tapgyrlaýyn dowam etdirilýär. Ondan öň 6-njy sentýabrda türkmen talyplary Belarusdan gaýdyp geldiler - munuň özi bu ýurtdan eýýäm ikinji ýörite uçuşdyr.
Ondan öň 24-nji awgustda Minskden Türkmenabat şäherine çenli çarter uçuşy guraldy. Şeýle hem 22-nji awgustda ýörite uçuş Hindistandan türkmen raýatlaryny Watanymyza alyp geldi.
Uçuşlar Boeing 777-200 howa gämisinde Daşary işler ministrliginiň we onuň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, migrasiýa we beýleki gulluklaryň ýardamy bilen, şol sanda ýörite lukmanlaryň ugratmagynda guralýar.
Uçara münülende, ýolagçylaryň ýanynda geçirilenine iki günden köp wagt bolmadyk synagyň netijeleri boýunça koronawirus ýokançlygynyň ýoklugy barada şahadatnama bolmaly. Beýleki ýagdaýlarda ýolagçylar gidýän howa menzilinde gaýtadan synagdan geçirilýär.
Şeýle-de bolsa, Türkmenistana gelen ähli raýatlar 14 günüň dowamynda lukmançylyk gözegçiligi astynda hökmany karantini geçmeli.

— Pandemiýa bilen baglanyşykly bu çäklendirmeler girizilende, şol wagt beýleki ýurtlarda bolup ýören watandaşlarymyzyň nähili kynçylyklara duçar bolandyklaryna düşünýäris. Şonuň üçinem olary indi öz dogduk mekanynda - öýlerindedigine we hemme zadyň gowy boljakdygyna derrew düşüner ýaly edip garşylamaga synanyşýarys - diýip, Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziliniň başlygy Merdan Berdiýew aýdýar.

şu gün 12:37
1.6k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
9.5k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....