Messi «Barselonada» galýandygyny mälim etdi

  • 05.09.2020 07:06
  • 16k+

Ispan «Barselonasynyň» hüjümçisi Lionel Messi katalon klubynda galýandygyny mälim etdi.

«Men nägile bolupdym we gitmek isledim. Maňa muny etmäge mümkinçilik bermediler, şonuň üçin men kazyýet işlerinden daşda bolmak üçin klubda galaryn. Klubyň ýolbaşçylygynda Bartomeu — bu heläkçilik» – diýip, Goal.com Messiniň sözlerini getirýär. Bu barada russian.rt.com habar berýär.
— Men «Barselona» üçin çykyş etmegimi dowam etdirerin. Gitmek isländigime garamazdan, beýlekilere gatnaşygym üýtgemez. Men kluba we prezidente gitmek isleýändigimi aýtdym. Men muny bir ýyl bäri aýdyp gelýärin. Men «Barselonadaky» wagtym, gynansam-da, tamamlandy diýip pikir etdim, sebäbi men hemişe karýeramy şu ýerde tamamlamak isleýärdim.
— Bu örän agyr ýyl boldy, men türgenleşiklerde, oýun wagtynda, eşik çykarylýan otagda köp çydadym. Prezident hemişe möwsümiň ahyrynda meniň galmalydygym ýa-da däldigim barada karara gelip bilýändigimi aýtdy. Ýöne ahyrynda ol sözünde durmady. Başga bir usul, ýagny kazyýete gitmek galypdy. Ýöne men hiç haçan «Barsa» bilen kazyýetleşmezdim, sebäbi men bu kluby gowy görýärin, ol maňa ähli zady berdi — diýip, Messi aýdýar.

33 ýaşly Messi «Barselonanyň» ýetişdiren oýunçysy we ol esasy düzümde 2003-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Klub bilen bilelikde ol 34 baýraga eýe boldy. Onuň hasabynda 731 oýunda 634 gol we 285 gezek pökgini netijeli geçirim bar.
Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynda Mýunhen «Bawariýasyndan» masgaraçylykly ýeňlişden soň (2:8) onuň topardan gitmek isleýändigi habar berildi.

şu gün 07:51
1.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

düýn 16:49
6.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......