Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen nebiti eksport etmekde Gazagystandan soň ikinji ýerde

  • 03.09.2020 20:27
  • 11k+

Türkmenistan 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygynda Russiýanyň çäginiň üsti bilen nebiti eksport etmek boýunça Gazagystandan soň ikinji ýerde durýar. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer edarasy (ÝET MDE) habar berdi.

Habara laýyklykda, Gazagystanyň nebit geçirijiligi 2020-nji ýylyň ýanwar-awgustynda 10,8 mln tonna (awgustda – 1,3 mln tonna) barabar boldy. Ikinji orunda Türkmenistan – 1,47 mln tonna (160,67 müň tonna), üçünji orunda bolsa 199,16 müň tonna (169,61 müň tonna) bilen Azerbaýjan ýerleşdi.
Şunuň bilen birlikde ÝET MDE-de Russiýanyň nebit kompaniýalarynyň 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýakyn ýurtlar üçin nebitiň üpjünçiligini 37,6% - 7,2 mln tonna çenli, uzakdaky ýurtlar üçin 8,8% - 150,96 mln tonna çenli azaldandyklaryny belleýärler.

02.06.2026 12:40
3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...