Hindistan Türkmenistandaky raýatlaryny alyp gitmek üçin ýörite uçuş gurar

  • 03.09.2020 14:51
  • 13k+

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz raýatlary üçin Türkmenistandan Hindistana ýörite uçuş guramagy meýilleşdirýär. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi saýtynda habar berilýär.

Uçar gatnawy sentýabr aýynda guralar.
Hindistanyň ilçihanasy häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde bolup, öz Watanyna dolanmak isleýän watandaşlaryny 7-nji sentýabra çenli diplomatik wekilhana bilen habarlaşmaga we şu salgy boýunça anketany doldurmaga çagyrdy.
7-nji sentýabrdan giç iberilen arzalar diplomatik wekilhana tarapyndan seljerilmez. Ýörite uçuş arkaly Hindistana gitjek ýolagçylar uçarda we howa menzillerinde epidemiologik çäklendirmeleri berjaý etmäge borçlandyrylýar. Öz Watanyna dolanyp barandan soň bolsa, iki hepdelik karantine alnar. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen şu belgiden habarlaşyp bilersiňiz: +993 63485437.

düýn 20:28
3.4k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
6.1k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
6.5k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......

29.05.2026 23:56
6.3k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....