Koronawirusa garşy ýene bir rus sanjymy sentýabrda bellige alnar

  • 25.08.2020 12:30
  • 11k+

Russiýada sentýabrda COVID-19-a garşy ýene bir sanjym bellige alnyp bilner. Ony Russiýanyň Rospotrebnadzorynyň “Wektor” merkeziniň alymlary döretdi. Häzir meýletinçilerde kliniki synaglar dowam edýär. Bu barada stavropolye.tv habar berýär.

“Rospotrebnadzoryň “Wektor” WB DYM-iň (wirusologiýanyň we biotehnologiýanyň döwlet ylmy merkezi) özboluşly peptid sanjymy – “EpiWakKorona” – synaglardan öňki tejribelerde ýokary täsirliligi görkezdi we häzir kliniki synaglary geçýär” – diýip, “Wektor” DYM-iň baş müdiri Rinat Maksýutow belleýär.

Ol sanjymy döretmek işiniň näme üçin birbada birnäçe ylmy guramalarda alnyp barylýandygyny we birnäçe sanjymyň näme üçin gerekdigini hem gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, täze patogen bilen bagly ýagdaýda döredilýän serişdelerden haýsysynyň koronawirus bilen kesellemegiň öňüni almak üçin has täsirli we howpsuz boljakdygyna ynamly bolmaly däl. Mundan başga-da, sanjymyň birnäçe görnüşi olary raýatlaryň immunitet aýratynlygyny, birinji nobatda, ýaş kategoriýasyny hasaba almak bilen, ilatyň dürli topary üçin ulanmak mümkinçiligini giňeltmäge ýol berer.
Şeýle-de, sanjymy öndürmäge ukyply bolan birnäçe guramalaryň barlygy onuň elýeterliligini hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, Maksýutow belledi.
Häzir kliniki synaglaryň I-II döwri iki tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyr – bu açyk tejribe, ýagny meýletinçiler özlerine haýsy serişdäniň goýberilýändigini bilýärler. Bu tapgyrda sanjymy 14 meýletinçi aldy. Ikinji tapgyr – görmezden plasebo-gözegçilikde saklanýan tejribe. Meýletinçi özüne nähili serişde goýberilýändigini bilmeýär. Bu tapgyra ýene 86 adam gatnaşýar.
Barlagyň netijeleri 2020-nji ýylyň sentýabrynda çykarylar.

düýn 11:31
3.1k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......