Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan internet-söwda işlerini sazlamaklyga gönükdirilen «Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň düzgünleri» işlenip düzüldi.
Düzgüne uzak aralykdan söwdany guramak boýunça umumy düzgünler, harytlary mahabatlandyrmak, harytlary satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak, harytlary sarp edijilere ýetirmegiň tertibi girizildi, şeýle-de sarp edijileriň hukuklary we beýleki punktlar kesgitlenilýär.
Şu düzgünler guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslara, şeýle-de ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini alyp barýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere degişlidir.
“Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň düzgünleri” elektron resminamalaryny ulanmak bilen lomaý söwdada gepleşikleri, şertnamalary we ylalaşygyň beýleki görnüşlerini baglaşýan telekeçilere, şeýle-de söwda awtomatlary, daşary ýurtlardan harytlary uzaklykdan satyn almagyň şertnamalaryndan gelip çykýan gatnaşyklar, bäsleşikli söwda arkaly baglaşylan satyn almak-satmak şertnamalary arkaly harytlaryň satylmagyna degişli däldir.
Düzgünlere laýyklykda, ýurtda internet-dükanlarynyň şeýle görnüşleri hereket edip bilýär:
- Işleýän dükan üçin goşmaça saýt hökmünde internet-dükany;
- Üpjün edijiniň ammaryndan diňe sargyt boýunça, diňe saýtyň üsti bilen satýan internet-dükany;
- Özüniň ammary bolan diňe saýt arkaly satýan internet-dükany.
Şunuň bilen birlikde, internet-dükany birnäçe görnüşleri hem öz içine alyp bilýär (özüniň ammaryndan we sargytlar boýunça satmak).
Internet-dükanda alkogol içgileri, temmäki önümlerini, biologiki taýdan işjeň goşundylary, ýaraglary we ok-därileri, audio-wizual eserleri we fonogramma nusgalaryny satmaklyk gadagan edilýär.
Gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan önümleriň söwdasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertip boýunça amala aşyrylýar.
Harytlary uzaklykdan (şol sanda internet-dükany arkaly) satýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler elektron pulhana abzallaryny ulanmaga borçlydyr we töleg terminallary arkaly hasaplaşyk mümkinçiligini üpjün etmelidirler. Pulhana çegi gönüden-göni harytlar üçin töleg tölenen pursatynda berilýär.
“Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň düzgünleri” Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2020-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky buýrugy bilen tassyklanyldy we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 3-nji awgustynda №1367 belgi bilen bellige alyndy.