«Harri Potter we jadygöýüň daşy» filmi prokatda $1 mlrd ýygnady

  • 21.08.2020 14:06
  • 5.9k+

«Harri Potter we jadygöýüň daşy» filmi prokatda $1 mlrd ýygnady, diýip «Variety» gazeti habar berýär. Muny piter.tv ýetirýär. Bu puluň içine film tarapyndan 19 ýylyň içinde ýygnalan ähli serişdeler girizildi.

Geçen dynç günleri ýazyjy Joan Roulingiň kitaplar seriýasynyň esasynda döredilen kartina Hytaýyň girdejiler toplumynyň çartynda birinji orny eýeledi we onuň döredijilerine goşmaça 13,6 million dollar getirdi. Jadygöý oglan barada film 16 müň kinozalda görkezildi.
Netijede «Harri Potter we jadygöýüň daşy» filminiň umumy girdejisi 1,001 milliard dollara barabar boldy, bu bolsa ony sekiz filmden ybarat bolan franşizada girdejisi milliard belgiden geçen ikinji lenta etdi. Şeýle netijä 2011-nji ýylda filmiň soňky bölümine hem – «Harri Potter we Ölümiň peşgeşi. 2-nji bölüm» – ýetmek başartdy. Şonda bu film tutuş dünýäde 1,34 milliard dollar ýygnady.
Gazetde baş rollarda Deniel Redkliff, Rupert Grint we Emma Uotson bolan «Harri Potter» baradaky ähli bölümleriň girdeji toplumy umumy alanyňda, 7,74 milliard dollara barabar bolandygyny bellediler.
Ýatlap geçsek, «Harri Potter we jadygöýüň daşy» filmi 2001-nji ýylda çykdy we şol wagtda dünýä prokatynda $978 mln ýygnady.
Häzirki wagtda prokatda $1 milliarddan gowrak ýygnamagy başaran kyrk ýedi film hasaba alynýar. Şeýle ösüş dollaryň inflýasiýasy we petekleriň ýokary bahasy bilen bagly. Olardan ýedisi Warner Bros. kinostudiýasynyň taslamalarydyr.

17.02.2026 20:15
1.9k+

Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy

Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär...

13.02.2026 16:17
2.2k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

12.02.2026 20:56
14k+

Atasynyň donuny geýip, enesiniň ýaglygyny daňynan gyrgyz modeli moda hepdeliginiň ýyldyzy boldy

Gyrgyzystanly model Şadiýa Isaýewa Seulda geçirilen moda hepdeliginiň görkezilişlerine gatnaşyp, dünýä belli «Vogue» žurnalynyň sahypalaryna düşdi. Isaýewa hepdeligiň dowamynda birnäçe görkezilişde boldy. Çäräniň dördünji gününde ol meýdança gyrgyzlaryň milli lybasynda barmagy ýüregine düwdi...

10.02.2026 12:47
7k+

Bahasy €650 müň: Louis Vuitton «Rolls-Royce-den» hem gymmat furgon... şekilinde sagat hödürleýär

Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi. Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp ýasalypdyr...