Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy parlamentleriň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy

  • 21.08.2020 13:08
  • 9.8k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary parlamentleriň ýolbaşçylarynyň iki günlük Bütindünýä bäşinji maslahatyna gatnaşdylar. Onlaýn görnüşinde geçen bu maslahat Parlamentara birleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamentiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy.

Iki günlük wirtual forum parlamentleriň ýolbaşçylarynyň Bütindünýä bäşinji maslahatynyň esasy böleginiň öň ýanynda geçirildi. Ol COVID-19 pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi hem-de 2021-nji ýylda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçiriler. Duşuşyga dünýäniň dürli ýurtlaryndan parlamentarileriň we bilermenleriň 200-den gowragy, abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Wideomaslahatyň açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, saglygy goraýyş, howa we ykdysadyýet ulgamlarynda ählumumy meseleleri çözmek, adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirlerini gowşatmak maksady bilen, netijeli çäreleri görmek meselelerinde parlament bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini nygtady.
Çykyşlarda gender deňligini durmuşa geçirmek, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşlaryň syýasy we parlament işlerine gatnaşmagyny işjeňleşdirmek boýunça iň gowy dünýä tejribesi beýan edildi.
Dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly görülmeli gaýragoýulmasyz çärelere hem-de zähmet migrasiýasy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge aýratyn üns berildi. Ýörite çäre terrorçylyga hem-de zorlukly ekstremizme garşy göreşmäge bagyşlandy.
Forumyň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi. Onuň mazmuny maslahatyň «Halklaryň we dünýäniň parahatçylygyny hem-de durnukly ösüşini üpjün edýän netijeli köptaraplaýyn çemeleşmäniň bähbidine parlament liderligi» diýen umumy mowzugyna laýyk gelýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Mejlisiniň wekilleri halkara forumda COVID-19 pandemiýasynyň täsirini azaltmak boýunça meseleleri maslahatlaşdy.

düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......