Gresiýa Türkmenistan bilen özara söwdany artdyrmagy maksat edinýär

  • 20.08.2020 23:48
  • 6.5k+

Gresiýa Türkmenistan bilen özara söwdanyň täze pudaklarynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Trend agentligine Gresiýanyň Daşary işler ministrliginde habar berdiler.

Aýratynam, söwdanyň täze pudaklary şulary öz içine alýar – mineral ýaglary gaýtadan işlemek, energetika we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, oba hojalyk enjamlary, süýt önümleri, balykçylyk önümleri, lukmançylyk hyzmatlary, şahsy gigiýenanyň harytlary, mebel we aýakgap.
Mundan başga-da, Gresiýa Türkmenistan bilen geçen ýyl üçin haryt dolanyşygynyň maglumatlaryny yglan etdi, ol 51,8 million ýewro barabar boldy.

«Hususan-da, Gresiýanyň Türkmenistana eksporty 2019-njy ýylda 11,7 million ýewro ýetdi» diýip, ministrlikde bellediler.

Ýokarda agzalan eksportuň 8,2 million ýewro töweregi mineral ýaglaryna we 3,2 million ýewro gurluşyk daşlaryna degişli boldy diýip, ministrlik habar berdi.
Mundan başga-da, ministrlik Türkmenistandan grek importunyň 40,03 million ýewro ýetendigini, olardan 40,02 million ýewronyň mineral ýaglara we 16 müň ýewronyň nah matalara degişlidigini görkezdi.

«2019-njy ýylda Türkmenistana eksport edilen esasy grek harytlary mineral ýaglary, gurluşyk daşlary we farmasewtik serişdeler boldy» – diýip, ministrlikde bellediler.

Şeýle-de, ministrlikde infrastruktura gurluşygy, energetika we mineral ýaglary gaýtadan işlemek pudagynda öňdebaryjy nou-haulara eýe bolan grek kompaniýalary türkmen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin açyk diýip, Gresiýanyň ministrliginde bellediler.

Öň, habar berşimiz ýaly, Gresiýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin açyk.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......