Maýk Taýson - Roý Jons duşuşygy 28-nji noýabra süýşürildi

  • 11.08.2020 18:28
  • 20k+

Žurnalist Maýk Hek agyr agramda dünýäniň absolýut çempiony Maýk Taýson bilen dört agram derejesinde dünýäniň çempiony Roý Jonsuň arasyndaky görkezme söweşiniň geçiriljek täze senesini Twitterde habar berdi. Bu barada sports.ru habar berýär.

Žurnalistiň sözlerine görä, söweş şu ýylyň 28-nji noýabrynda bolar. Onuň soňa goýulmagynyň sebäbi guramaçylaryň senäniň täzeden bellenilmegi bilen baglanyşykly aljak goşmaça girdejisi bolup biler.
Taýson - Jons söweşi ilkibaşda 12-nji sentýabrda Kaliforniýada bolmalydy. Roý Jonsuň iş dolandyryjysy Žolt Barna Maýk Taýson bilen söweşiň yza süýşürilendigini tassyklady.

«Meniň pikirimçe, söweşi 28-nji noýabra yza süýşürmek gaty gowy pikir. Ilki bilen, 28-nji noýabr dynç güni we «minnetdarlyk gününe» gabat gelýär, şeýle hem ol - PPV satuwy üçin iň amatly pursat, sebäbi şol gün her kim öýde bolar. Söweşiň guramaçylary ýaýlymlardan girdeji gazanmaga synanyşýarlar. Söweşiň yza süýşürilmegi ýokary derejede taýýarlyk görmäge pursat bolar we bu ony diňe birnäçe ýurduň däl, bütin dünýäniň görmegi üçin ýeterlik wagt berer" - diýip, Barna belledi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Taýson Roý Jonsy nokaut bilen ýeňmek isleýändigini mälim etdi

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......