Psiholog çagalara planşeti bermäge rugsat berdi

  • 10.08.2020 18:22
  • 11k+

Belli bir çäklendirmeleri berjaý eden halatyňda planşetlerde we beýleki gajetlerde oýun oýnamaklyk çagalar üçin peýdaly bolup biler. Peýdanyň zyýandan öňe geçmegi üçin näme etmelidigini kliniki psiholog Artur Garaganow Sputnik radiosyna beren interwýusynda gürrüň berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Ýaş ene-atalar çagalara irki çagalyk döwründen planşetlerde we smartfonlarda oýun oýnamaga mümkinçilik berýärler, bu ýagdaý bu işde peýdany görmeýän uly nesillerde düşünmezligi emele getirýär. Ýöne bu mesele boýunça alada etmek hakykatda esassyz diýip, Artur Garaganow hasaplaýar. Ol çagalaryň häzirki reallykdan daşda bolmazlyklary üçin döwrebap oýunlary oýnamalydygyna ynandyrýar.

“Planşeti, eger-de olar öwrediji we ösdüriji serişdelere eýe bolsa, iki ýaşly çagalara-da bermek bolýar. Eger-de bu serişdeler olara kommunikatiw başarnyklary ýa-da hereket işjeňligini emele getirmäge kömek etse, onda ol olaryň bilim ýa-da gündelik oýun işine düýpli ornaşmalydyr. Çagalar stolüsti oýunlaryndaky predmetler bilen hem oýnamalydyrlar, ýöne planşeti inkär etmeli däl. Eger-de muňa ýol berseň, onda çaga häzirki barlykdan ünsüni sowup, smartfonuň nähili işleýändigini bilmeýän käbir mamalara we babalara meňzärler” – diýip, Sputnik radiosyna psiholog gürrüň berýär.

Planşetlerdäki we smartfonlardaky oýunlar diňe bir kiçijik çagalara däl, eýsem, mekdep okuwçylaryna hem peýdaly bolup biler. Artur Garaganow wirtual güýmenjeler geljekde ýokary tehnologiýalaryň we IT gurşawynda isleg bildirilýän hünärmen bolmaga kömek edip biler diýip hasaplaýar.

“Mekdep okuwçylary wirtual awatar bilen bolsa-da, ýeňşe ýetip bilýändiklerinden lezzet alýarlar. Olar üçin bu hakyky sosial üstünlik bolup duýulýar. Bir tarapdan, bu jemgyýetçilik aragatnaşyklardan daşlaşdyrýar we emosional intellekti gowşadýar, beýleki bir tarapdan, adamy inçe hünär işi bilen meşgul boluja öwürýär. Wirtual giňişlik adamy IT ýa-da haýsydyr bir kyn tehnologik barlag taslamalary bilen bagly hünäre getirip bilýär” – diýip, psiholog Sputnik radiosyna beren interwýusyny jemleýär.

Şunuň bilen birlikde, Artur Garaganow oýunlaryň oňyn netijä getirýändiginiň kepillendirilmedikdigini belledi. Kiçijik çaganyň ösüşini ýa-da mekdep okuwçysynyň bilimini diňe wirtual güýmenjelerde gurnamak – netijeli däl.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 18:22
7.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....