Türkmenistanyň içerki uçuşlaryna goşmaça talaplar girizildi

  • 09.08.2020 11:21
  • 54k+

«Türkmenhowaýollary» howa gatnawlarynyň ýolagçylary «Altyn Asyr» aragatnaşyk operatoryndan Türkmenistanyň içerki gatnawlary üçin goşmaça çäklendiriji çäreleriň girizilendigi barada SMS habaryny aldylar. Habara görä, içerki gatnawlardan peýdalanmak üçin ýolagçylarda COVID-19-yň ýokdugyny tassyklaýan kepilnamasy bolmaly.

Habarda şeýle diýilýär:

“Gadyrly ýolagçylar!
2020-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap, Aşgabat şäherine gelýänler we welaýatlara uçýanlar üçin saglyk ýagdaýy hakyndaky kepilnamany görkezmek düzgüniniň giriziljekdigini size habar berýäris. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň edarasy tarapyndan berlen 72 (ýetmiş iki) sagat möhletli saglyk ýagdaýy hakyndaky kepilnamasy bolmadyk adamlara uçara münmäge rugsat berilmez”.

Raýatlar ýerli Saglyk öýlerinde maşgala lukmanlaryna ýüz tutup bilerler. ARZUW News-yň habar bermegine görä, Aşgabatdaky Talyplar saglyk kepilnamasyny almak üçin “Görogly (köçe 1-nji maý), 82-nji jaý” salgysy boýunça paýtagtymyzdaky Talyplar saglyk öýüne barmaly.
Kepilnamany almak üçin ýanyňda pasportyň, bir sany 3/4 ölçegli suratyň we talybyň ýa-da raýatyň lukmançylyk kartoçkasy bolmaly. Saglyk ýagdaýyna ganyň umumy barlagyna we öýken flýurografiýasynyň netijelerine esaslanyp baha berler.
Barlagdan geçmegiň bahasy — 43,20 manat (Aşgabatdaky Talyplar saglyk öýlerinde). Saglyk ätiýaçlandyryşy görkezilende çykdajylar azalar. Şeýle hem tölegler bank kartlary arkaly amala aşyrylýar.
Mundan ozal, daşary ýurtlardan Türkmenistana uçýan ýolagçylara “ýiti pnewmoniýa patogenleriniň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin” şeýle talabyň girizilendigi habar berlipdi. Ýurda gelýänleriň hemmesiniň ýanynda koronawirusyň ýokdugy barada kepilnamasy bolmaly.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....