Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy onlaýn nobat hyzmatyny işe girizdi

  • 06.08.2020 19:33
  • 50k+

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy onlaýn nobat hyzmatyny işe girizdi, onuň kömegi bilen bölümiň resmi web sahypasy arkaly biometrik maglumatly pasport almak we ýolbaşçylar bilen duşuşmak üçin nobata ýazylyp bolýar. Bu barada TDMG-niň metbugat gullugy habar berýär.

Raýatlar biometrik maglumatly pasportlaryny almak üçin elektron nobatda hasaba durup bilerler we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ygtyýarlyklaryndaky meseleler boýunça ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşyp bilerler. Täze hyzmat raýatlara wagty tygşytlamaga we amatly wagtda resminamalary tabşyrmak üçin nobata durmaga mümkinçilik berer.
Onlaýn nobata durmak üçin bir adam TDMG-niň zerur bölümini saýlamaly, adam sanyny görkezmeli, wagty we senesini saýlamaly, şahsy we pasport maglumatlaryny görkezmeli, şeýle hem Altyn Asyr bank karty arkaly hyzmat üçin tölemeli. Ulanyjy onlaýn nobatda hasaba alnanda, onuň telefonyna nobat belgisi we takmynan kabul ediljek wagty görkezilen SMS habary geler.
Guramanyň onlaýn hyzmatynda biometrik maglumatly pasportlaryny almak we çalyşmak üçin arza bermek mümkinçiligi hem döredilen.
Ony doldurmazdan ozal bilmeli zatlar:

  • Özüňize amatly wagty saýlaň;
  • Saýlanan wagtyňyzdan 10 minut öň geliň;
  • Bellenilen wagtdan gijä galsaňyz, nobata täzeden durmaly bolarsyňyz;
  • Ulgamyň üsti bilen biometrik pasporty dolduryp, müdirlikleriň/bölümleriň ýolbaşçylary bilen migrasiýa meseleleri boýunça duşuşmaga ýazylyp bilersiňiz;
  • Onlaýn nobata ýazylmak hyzmaty töleglidir.
12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....