Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

  • 30.07.2020 16:33
  • 12k+

2021-2022 futbol möwsüminde Çempionlar ligasynda hem-de AFK-nyň Kubogynda Türkmenistanyň futbol toparlarynyň üçüsi çykyş etmäge mümkinçilik alar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy AFK-dan gelen resmi hata salgylanyp habar berýär.

Resmi hatda görkezilişi ýaly, şu ýyl dowam edýän Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň ýeňijisi 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder.
Türkmenistanyň Kubogy — 2020-niň ýeňijisi 2021-nji ýylda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik alar. Şu ýyl Türkmenistanyň Futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan topar bolsa AFK-nyň Kubogynyň deslapky tapgyrynda çykyş eder.
Eger-de, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubogynyň ýeňijisi şol bir topar bolsa, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine Türkmenistanyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan, deslapky tapgyrynda bolsa üçünji orny eýelän topar gatnaşmaga mümkinçilik alar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň 28-nji futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna 25-nji awgustda badalga berler. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş edýändigini ýatladýarys.
Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si gatnaşar.
Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 30-31-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 19-20-nji sentýabrda geçiriler.
Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklaryny öz meýdançalarynda geçirerler.

şu gün 13:08
2.6k+

«Budýo-Glimt» «Interi» ýaryşdan gaýtardy, «Atletiko» we «Baýer» 1/8 finala çykdy

24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň jogap oýunlary geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça 1/8 finalyň ýene dört gatnaşyjysy belli boldy. Agşamyň esasy täsirli wakasy «Budýo-Glimt» toparynyň «Interden» üstün çykmagy boldy...

şu gün 10:05
2.8k+

«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy

«Barselona» futbol kluby ýolbaşçylaryň maliýe jenaýatlaryna gatnaşygy baradaky aýyplamalara jogap edip, resmi beýan bilen çykyş etdi. Derňew işine bir janköýeriň administrasiýany pul işlemekde we bikanun komissiýa almakda aýyplap beren arzasy sebäp boldy...

düýn 17:59
4.1k+

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao şu güýzde rewanş duşuşygyny geçirer

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ikinji gezek duşuşar. Söweş Las-Wegasdaky Sphere arenasynda geçiriler, Netflix striming hyzmaty bolsa söweşi göni ýaýlymda görkezer. Habar berlişine görä, bu tutluşyk soňky ýyllarda iki boksçynyň gatnaşan görkezme söweşlerinden tapawutlylykda, professional boks duşuşygy bolar...

düýn 17:27
2k+

«Ýene bir gezek oýlan!»: Formula-1 täze möwsümiň öňüsyrasynda mahabat wideosyny görkezdi

Formula-1-iň täze möwsümi 6-njy martda Melburndaky ýaryş bilen açylar. Möwsümiň başlangyjy üçin çempionat tarapyndan aktýor Damson Idris we dünýä çempionatynyň ähli 22 pilotynyň gatnaşmagynda «All To Drive For» atly mahabat kampaniýasy başlandy...