NASA stratosfera howa şarynda obserwatoriýany uçurar

  • 26.07.2020 23:26
  • 6.5k+

Kosmiki agentlik ASTHROS obserwatoriýasyny 2023-nji ýylyň dekabrynda Antarktikanyň territoriýasyndan uçurar. Missiýanyň wezipesi Ýerden elýeterli bolmadyk uzyn ýagtylyk tolkunlaryna gözegçilik etmekden ybarat bolar. Bu barada 21mm.ru habar berýär.

Astrophysics Stratospheric Telescope for High Spectral Resolution Observations at Submillimeter (ASTHROS) 2,5 metrlik parabollik tarelkadan ybarat bolan ykjam teleskopy hem-de aýnalaryň, linzalaryň we detektorlaryň toplumyny öz içine alar. Obserwatoriýa alymlara Äleme ýaş ýyldyzlaryň gowy görünýän uzak infragyzyl diapazonynda gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Missiýanyň çäginde ASTHROS Ýeriň atmosferasy bilen kosmosyň arasyndaky serhet hasaplanylýan Karman çyzygyndan biraz pese 40 km beýiklige galýar. Teleskopy galdyrmaga geliý bilen doldurylan 150 metrlik howa şary kömek eder. Ol obserwatoriýany buzly günorta yklymyň üstündäki howa akymynda üç hepdäniň dowamynda saklamaga mümkinçilik berer. Teleskopy taýýarlamak işi ýakynda tamamlandy. Ähli bölekleriň bolmalysy ýaly işleýändigine göz ýetirmek üçin indiki aýda ol barlagdan geçirilip başlanar.

ASTHROS Akmaýanyň ýolunda Kil ýyldyzlar toplumyndan başlap, ýyldyzyň işjeň ýagdaýda emele gelýän dört ýerinde gazyň hereketini öwrener we alnan maglumatlaryň kömegi bilen astronomlar bu sebitlerde gazyň dykyzlygynyň, tizliginiň we hereketiniň ilkinji üç ölçegli kartasyny dörederler, bu bolsa täze doglan asman ýagtylandyryjylarynyň gurşap alýan madda bilen özaragatnaşygynyň tebigatyna has gowy düşünmäge kömek eder. 

Başlangyç meýilnama laýyklykda, ASTHROS 2023-nji ýylyň dekabrynda uçurylar, şonda obserwatoriýa Antarktidadan uçup, 21-28 günüň dowamynda Günorta polýusyň daşyndan üç ýa-da dört aýlaw eder. Soňra ylmy enjam şardan aýrylar we Ýere paraşýutda düşer.

“ASTHROS ýaly howa şarynda uçuşlar kosmiki uçuşlara garanda has töwekgelçilikli, ýöne az çykdajy bilen köp zady öwrenmäge kömek edýär” – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy, JPL inženeri Hose Saýles belleýär. 

düýn 23:08
593

Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler....

düýn 23:04
434

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýdaky iň uzak ömürli apparat boldy

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýyň üstündäki iň uzak ömürli apparat boldy. Hasaplamalara görä üç aý hyzmat etmeli rower ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Aýyň beýleki tarapyny söküp ýör....

düýn 17:38
1.9k+

Daşky magnit meýdany bolmadyk täsin magnit döredildi

Daniýaly alymlar täsin bir material – hrom-pirazin (Cr(pyrazine)₃) atly magnit oýlap tapdylar. Onuň adaty magnitlerden esasly tapawutly tarapy, özünde magnit güýji bar bolsa-da, daşyna hiç hili magnit......

düýn 17:11
2.7k+

Britaniýaly inžener 338 km/sag tizlik bilen gidýän «bugly raketany» döretdi

Beýik Britaniýaly inžener-entuziast Grem Saýks bug güýji bilen işleýän motosikl gurnady. Bu täsin ulag Santa Pod ýaryş meýdançasynda geçirilen barlaglarda «dünýäniň iň çalt bugly motosikli» diýen ady almagy......