Bekham kakasynyň ýogalmagy sebäpli Nurmagomedowa duýgudaşlyk bildirdi

  • 26.07.2020 02:04
  • 22k+

Angliýanyň milli futbol ýygyndysynyň öňki ýarymgoragçysy, häzirki wagtda Amerikanyň "Inter Maýami" klubunyň eýesi Dewid Bekham kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedowyň aradan çykmagy sebäpli ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedowa duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada regnum.ru habar berýär. 

Bekham onuň öz Instagram sahypasynda kakasynyň ölümi barada ýazan ilkinji ýazgysyna ýazan teswirinde: "Sen hakda, seniň maşgalaň hakda pikir edýärin, dostum" - diýdi.
Abdulmanap Nurmagomedow 3-nji iýulda 57 ýaşynda aradan çykdy. Ömrüniň ahyrynda ol Moskwanyň hassahanalarynyň birinde koronawirus ýokuşmasy diagnozy goýlup, agyr ýagdaýda ýatdy. Ol Dagystanda, dogduk şäheri Kirowaulda jaýlandy.

Öň habar berşimiz ýaly, H.Nurmagomedow sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen UFC-253 ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......