Habib Nurmagomedow UFC 253 ýaryşynda çykyş etmez

  • 22.07.2020 13:26
  • 27k+

Russiýaly göreşiji, UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow 19-njy sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen Absolýut göreş çempionaty (UFC) — 253-de çykyş etmez. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu barada türgeniň menejeri Rizwan Magomedow habar berdi.

UFC-253 ýaryşyny Abu-Dabide geçirmeklik meýilleşdirilýärdi. Turniriň esasy duşuşygy bolsa, Habib Nurmagomedow bilen amerikaly göreşiji Jastin Getjiniň arasynda bolmalydy.
3-nji iýulda Habibiň kakasy hem-de tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow koronawirus ýokanjyndan soň ýüze çykan çylşyrymlaşma zerarly 58 ýaşynda aradan çykdy.
H.Nurmagomedow soňky göreşini 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda amerikaly Dastin Porýe garşy geçirip, titulyny goramagy başarypdy. H.Nurmagomedow 2018-nji ýylda UFC-niň çempiony bolmagy başardy. 31 ýaşly türgeniň ygtyýarynda 28 ýeňiş bolup, ol ýeke gezek hem ýeňilmedi.

düýn 23:14
2.4k+

“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär...

düýn 22:52
2.2k+

Anhel Di Mariýa Ýewropadaky karýerasyny tamamlap, “Rosario Sentrala” gaýdyp bardy

37 ýaşly argentinaly futbolçy Anhel Di Mariýa Ýewropadaky 18 ýyllyk karýerasyny tamamlaýandygyny we öz eziz kluby “Rosario Sentrala” gaýdyp barýandygyny habar berdi. Ýarymgoragçy professional karýerasyna bu klubda başlapdy...

düýn 18:15
4.3k+

ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar

Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan biletleriň umumy sany 2 milliona ýetdi. Ýaryşyň her oýnuna ortaça 35 müň tomaşaçy gelýär. Bu barada žurnalist Kawe Solekol habar berdi. Ýaryşyň iň köp tomaşaçy ýygnan oýny toparlaýyn tapgyrda «Pari Sen-Žermen» bilen «Atletikonyň» (4:0) arasyndaky duşuşyk boldy — bu oýna 80 819 adam tomaşa etdi...

düýn 18:04
2.9k+

“Barselona” Fati bilen täze şertnama baglaşyp, ony “Monako” kärendesine berdi

Ansu Fati “Barselona” bilen şertnamasyny 2028-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada katalon klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Täze şertnama gol çekilenden soň, 22 ýaşly hüjümçi “Monako” kärendesine berildi...