Marydaky «Belent» söwda-dynç alyş merkezi wagtlaýyn ýapyldy

  • 21.07.2020 23:09
  • 20k+

Ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy taýýarlyk boýunça Döwlet meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Mary şäherindäki «Belent» söwda-dynç alyş merkezi 21-nji iýuldan 1-nji awgust aralygynda öz işini bes etdi. Bu barada Arzuw News agentligi söwda merkeziniň administrasiýasynyň wekillerine salgylanyp habar berýär.

Bellenilişi ýaly, söwda merkeziniň birini gatynda ýerleşýän supermarket öz işini dowam eder. Şeýle hem toplumyň düzümine girýän kafeler we restoranlar naharlary sargyt boýunça öýe eltmek hyzmatlaryny amala aşyrarlar.
Ýatlatsak, geçen hepdede arassaçylyk, zyýansyzlandyryş we öňüni alyş çärelerini geçirmek maksady bilen, Mary şäherindäki Merkezi bazar — «Maru-şahu jahan» bazarynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň sebit köpugurly ýarmarkasynyň wagtlaýyn çäklendirilendigini habar beripdik.

20.06.2026 14:57
7.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....