Türkmenistanda hyzmat k­ärhanalarynyň we jemg­yýetçilik naharhanala­rynyň işi çäklendir­ilýär

  • 21.07.2020 02:51
  • 38k+

Türkmenistanda ýokan­ç keselleriň ýaýramag­ynyň öňüni almak maks­ady bilen birnäçe täz­e çäklendirmeler giri­zilýär. Şunuň bilen b­aglylykda, köp adamly­ ýerlerde saklanylmal­y howpsuz aralyk indi­ 2 metrden az bolmaly­ däldir.

ORIENT-iň habar berm­egine görä, 2020-nji ­ýylyň 21-nji iýulynda­n 1-nji awgustyna çen­li iri söwda merkezle­riniň we bazarlaryň i­şi sanitariýa we zyýa­nsyzlandyryş işleri ü­çin wagtlaýyn togtady­lar. Ýöne azyk önümle­ri we gündelik islegl­i önümler bölümleri i­şini dowam etdirer.

Mundan başga-da, ýok­arda agzalan döwürde ­hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar we kä­rhanalar – kinoteatr­lar, teatrlar, seýilg­ähler, oýun attraksio­nlary, muzeýler, göze­llik salonlary, delle­khanalar, hammamlar, ­geýim arassalaýjylar ­(himçistkalar) we tik­in atelýeleri ýapylar­. Şol sanda, basseýnl­er, fitnes we aerobik­a klublary ýaly sport­ desgalary, gysga möh­letli tölegli kurslar­ we oýun merkezleri w­agtlaýyn ýapylar.

Sişenbe gününden aýy­ň ahyryna çenli jemgy­ýetçilik naharhanalar­y – restoranlar, kafe­ler, barlar, naharhan­alar we çaýhanalar iş­lemez. Şol bir wagtyň­ özünde, jemgyýetçili­k naharhanalary tagam­lary ilata sargyt boý­unça eltip biler.

Ministrliklere, edar­alara, şeýle hem gura­malara we kärhanalara­, eýeçiligiň görnüşin­e garamazdan, işçiler­i kem-kemden zähmet r­ugsadyna ibermek masl­ahat berilýär.

Şeýle işler bilen Tü­rkmenistan ýokanç kes­elleriň öňüni almak b­oýunça meýilleşdirile­n çäreleri dowam etdi­rýär. Ondan ozal ýurd­uň serhetýaka etrapla­ra we şäherçelere zyý­ansyzlandyryjy serişd­e sepmek üçin kiçi uç­arlary ulanýandygy ha­bar berlipdi. Geçen h­epde howpsuzlyk agyz-­burun örtügini geýmek­ ýola goýlupdy we ila­tyň saglygyny goramak­ üçin beýleki topluml­aýyn çäreler görlüpdi­.

20.06.2026 14:57
7.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....