BSGG koronawirusyň kimlere az ýokuşýandygyny aýtdy

  • 14.07.2020 18:29
  • 39k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň adatdan daşary keseller bölüminiň tehniki toparynyň başlygy Mariýa Wan Kerkhowe Ženewada geçirilen brifingde on ýaşa ýetmedik çagalaryň koronawirus ýokuşma ähtimallygynyň, şeýle hem wirusy ýokuşdyrmak ähtimallygynyň pesdigini aýtdy. Bu barada ria.ru habar berýär.

Beýle netijä çagalarda antikorlary kesgitlemek üçin geçirilen barlaglardan soň gelindi. Ýetginjekler we 20 ýaşdan uly ýaşlylar ýaly, on ýaşdan uly çagalaryň hem ýokuşma ähtimallygy ýüze çykdy. Bu olaryň keselläp biljekdigini, ýöne keseliň ýumşak görnüşine eýe boljakdygyny aňladýar.
Onuň sözlerine görä, indi wirusyň çagalaryň öz arasynda biri-birine ýokuşýandygyny ýa-da ýokdugyny öwrenmeli.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 11-nji martda pandemiýa häsiýetde täze COVID-19 koronawirus ýokuşmasynyň ýaýrandygyny habar berdi. BSGG-niň soňky maglumatlaryna görä, dünýäde 12,5 milliondan gowrak ýokuşma ýagdaýy ýüze çykaryldy, 561 müňden gowrak adam aradan çykdy.

düýn 20:28
5.9k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
6.6k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
6.9k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......

29.05.2026 23:56
6.4k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....