Türkmenistanda howada tozanyň mukdary artýar

  • 08.07.2020 01:44
  • 23k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi soňky günlerde Aşgabat şäherinde we welaýatlarda howanyň ýagdaýy baradaky seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine aralaşýan howa akymynyň täsiri sebäpli ýel we tozan işjeňliginiň artandygyny habar berdi - diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti ýazýar.
Häzirki wagtda atmosferanyň howasynda tozanyň mukdary köpeldi, bu bolsa adam saglygyna, hususan-da, dem alyş ulgamyna ýaramaz täsir edýär. Tomusyň ortalarynda howanyň düzüminiň üýtgemegi we onuň düzümindäki patogen maddalaryň mukdarynyň ýokarlanmagy zerarly ýüze çykyp biljek tebigy we ekzogen täsirleri azaltmak maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň, söwda nokatlarynyň, jemgyýetçilik ulaglarynyň işgärleri we beýlekiler ýokarky dem alyş ýollary üçin şahsy gorag serişdelerini - lukmançylyk maskalaryny ulanmalydyrlar. Dowamly we allergik keselleri bolan adamlar hem şu öňüni alyş çärelerine eýermelidirler.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek üçin ilki bilen elleri ýuwup durmak, öýde we işde arassalygy saklamak zerurdyr. Eller akýan suwuň aşagynda 20 sekuntlap sabyn bilen ýuwulmalydyr. Agzyňyzy wagtal-wagtal duzly suw bilen çaýkamaly (1 stakan gaýnadylyp sowadylan suwa - 1 çaý çemçesi). Burnuň nemli gatlagy oksolin ýagy bilen ýaglanmaly. Arassa howa üçin penjireler açylyp, otaglar wagtal-wagtal ýelejiredilmeli.
Öýden daşarda arassalaýyş we suwaryş çärelerini amala aşyrmak maslahat berilýär. Otagda howpsuz mikroklimaty üpjün etmek üçin dermanlyk ösümlik bolan ýüzärlikden peýdalanylmaly, şeýle hem wagtal-wagtal çygly süpürgiç bilen arassalaýyş geçilmeli. Tomusda daşky gurşawyň ýokary temperaturasyny göz öňünde tutup, daşardan gelnende kondisioneriň aşagyna girmek, gyzyp gelip sowuk suw içmek bolmaýar. Bu ýokarky dem alyş ýollarynyň dowamly keselleriniň güýçlenmegine sebäp bolup biler.
Bulardan başga-da, özüňizi göni düşýän Gün şöhlesinden goramak zerurdyr. Açyk reňkli pagta eşikleri geýmeli, hökman saýawan ulanmaly. Tomus günleri, bedene aşa agram salmazdan, 1,5–2,5 litr arassa agyz suwuny içmek möhümdir. Tomusda derman ösümliklerinden edilen çaýlary gury iýmişler bilen içmek hem örän peýdalydyr. Bu bedende mikroelementleriň kadaly gatnaşygyny üpjün edýär.
Tomusda gök önümleri we miweleri, aňsatlyk bilen siňdirilýän önümleri iýmek dogry iýmitlenmegiň möhüm şertidir. Işdäaçarlar taýýarlanylanda, maýoneziň ýerine ösümlik ýagy ulanylmaly we konserwirlenen iýmitlerden saklanylmaly.
Azyk önümlerini söwda merkezlerinden satyn almaly we satyn alnanda olaryň ýaramlylyk möhletine üns bermeli, soň bolsa olary öýde saklamak üçin amatly şertleri üpjün etmeli.
Ynha, şu ýönekeý, şol sanda möhüm düzgünleri ýerine ýetirmek bilen, ýylyň islendik wagtynda sagdyn bolarsyňyz - diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi ähli türkmen raýatlaryna ýüzlenýär.

20.05.2026 15:16
7k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.3k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.6k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......