Ysraýyl koronawirus ýagdaýynyň ýokarlanýandygy sebäpli karantin çärelerini güýçlendirýär

  • 07.07.2020 23:50
  • 6.4k+

Ysraýylda täze koronawirus infeksiýasy bilen keselleme ýagdaýynyň ýokarlanýandygy sebäpli barlary, klublary, sport zallary ýapmak, şeýle-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegi gadagan etmek kararyna gelindi. “The Jerusalem Post” neşiriniň habar bermegine görä, bu barada Ysraýylyň saglygy goraýyş ministri Ýuliý Edelşteýn habar berdi. Muny russian.rt.com ýetirýär.
Mundan başga-da, sinagogalarda, restoranlarda we awtobuslarda adamlaryň sanyny çäklendirmek güýje girýär. Ysraýyl hökümeti kenarýakalarda sanitar düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirer, ýöne kenarýakalary heniz dolulygyna ýapmazlar. Şeýle-de, tomusky lager diňe çagalar bagynyň ýaşyndaky çagalardan 4-nji synp çagalaryna çenli açyk bolar.
Ysraýylda martyň ahyryndan başlap ýüze çykarylan kesel ýagdaýynyň gaýtadan ösüşi başlady. Eger-de 6-njy iýunda 160 keselli hasaba alnan bolsa, onda 2-nji iýulda eýýäm müňden gowrak keselli hasaba alyndy. Iýunyň ahyrynda döwletde maska bolmazlygyna jerime iki ýarym esse ýokarlandy.
“Doly derejeli karantine bize bir ädim galýar” – diýip, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu belleýär. Onuň pikiriçe, koronawirus infeksiýasynyň täze tolkuny ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna çagyryş edýär. Soňky maglumatlar boýunça, Ysraýylda 30 749 koronawirus ýagdaýy ýüze çykaryldy, olardan 818-si soňky bir gije-gündizde hasaba alyndy.

20.06.2026 14:57
7.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....